Açyş
Açyş
Adam dogýar
Gidýär alysdan alsa.
Hem kertip bu ömrüñ ýyllaryn-aýyn.
Büdürär. Galar ol. Yzyna gaýtmaz.
(Nirä baryp urarka ol mañlaýyn?)
Kim ol?
Näme,
ýaşaýarka nähili?
Sorag alamaty ilýär gözüne.
Hemmeler ölçejek bolýar pähimin,
Gapdalyndan bakjak bolýar özüne.
Kä ejizlik edip,
Öwrülip çepe,
Açyş edip,
kä ýalñyşyp, ýitirip,
Yzyny yzarlap (Azaşyp ýeke).
Barýan adam arzuwyny bitirip.
Akyma goşulyp barýaryn menem
Asla maña bu ýodadan dönme ýok
Bulañ bary şeýle welin, wah, ýöne,
Şeýle bir açyşym meni goýanok.
Bu goja zeminde ýaşasam-da az,
Kän büdüräp, göz ýetirdim bir zada.
Gutaran ýerinde edepliligiñ
Gutarýan eken adam.
Myratnazar ROZNAZAROW. Goşgular