| |

«Goşgy» keseli

"Goşgy" keseli «GOŞGY» KESELI

Bilen günüm —
Ýokdugyny enemiñ,
Maña bir «kesel» degdi.
Şol «keseliñ» azaryna çydaman,
Samrapdyryn,
Çyrşapdyryn,
Iller oña «Goşgy!» diýdi…

Düşen günüm —
Bir gözeliñ yşgyna,
Huşumy ýitirip, çaşypdyr başym, —
Ýagdaýym agyrmyşyn.
Samranmyşym,
Aýdanmyşym bir zatlar, —
Şolar — deñ-duşlaryñ diýmegne görä,
Şygyrmyşyn…

Muña hiç kim gelmän ekeni baky:
Mähriban atamy ýerlesem bir gün,
Bir günem…
Üç aýlyk söwer oglumy
(Öwez ogul diläp)
Ýerledi il-gün…

Şondan soñ köpeldi ýalñyz oturmam…
Ýykylan dek bolup bir bet eşekden.
Señselände —
Dolan ekeni içim,
Birhili gaýgyly-gussaly gepden.

Ýazyp goýdum gözýaşyma batyryp,
Men olary bir çydamly kagyza.
Ony bir gün çap etdiler gazetde,
Ýokarsynda bir ýalñyz söz «Poeziýa».

Atam barka,
Diñläp çyrşanlarymy,
Diýrdi: «Şükür, ölenmiz ýok, ajyndan!
Senem höwrügäýsäñ nädýär ýer bilen,
Çörek iýenmiz ýok galam ujundan…»

Ynansam-da sözlerine atamyñ
Goşgyny ýanymdan kowup bilmeýän.
Onsoñ… aşa begensem ýa gynansam, —
Goşgy bilen «keselleýän»,
Ýöne şükür, ölmeýän…

Gurbanýaz DAŞGYNOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle