|

Kiçijik Alynyñ oýny

Kiçijik Alynyñ oýny KIÇIJIK ALYNYÑ OÝNY

Kiçijik Aly ýaşuly daýhandan 500 lira eşek satyn alypdyr. Emma daýhan oña eşegi söwdalaşan gününiñ ertesi berjek diýipdir. Ertesi irden ýaşuly:
— Oglum, eşeg-ä düýn agşam ölendir, puluñam sowup gutardym! — diýýär. Aly ýaşula:
— Şonda-da eşegi ber maña — diýýär. Ýaşuly:
— Öli eşegi näme etjek? — diýip soraýar. Aly gülüp:
— Eşegiñ ölüdigini hiç kime aýtjagam däl. Bije atyp, satybererin — diýýär.
Aradan bir aý geçipdir. Ýaşuly Ala duş gelipdir we ondan sorapdyr:
— Eşegi näme etdiñ?
Aly:
— Eşegi bijä saldym, 10 liradan 500 adama satdym. 5000 lira gazandym! — diýýär.
— Eşegiñ ölüdigini bilip gahary gelen bolmadymy?
— Ýok-laý… Diñe bijesi çykan iñirdejek boldy, oña-da 10 lirasyny gaýtargy berdim, monça bolup gitdi!
Kiçijik Aly ulalypdyr, eşek satyp pul gazanmaga dowam ediberipdir…

Bu ýurduñ ne Alylary gutarar, ne Welileri. Ne öli eşekleri, ne-de añsat ýoldan pul gazanjak bolup, bulara puluny giderýänleri gutarar… Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle