«Gyzdyrmaýar ýat ilde gün…»
"Gyzdyrmaýar ýat ilde gün…"

Gyzdyrmaýar ýat ilde gün,
Ol öñler ýakyp barýardy.
Emma Ukrainamda hem
Çydardan kyn halym bardy:
Görmedim söýgi, teşwüşi,
Gaçyp ýanardym halyma,
Doga edip ýuwaşjadan,
Gargardym pana-zalyma.
Peýda bolýar göz öñümde
Ir döwür: birtopar ogry
Isa azar berýär. Şindem
Ýaýnamazdy Merýem ogly.
Hiç ýerde duşanok bagtym,
Belki, bolmaz gülen wagtym.
Ukrainamda hem adam,
Ýat ildäki ýaly mydam!
Tabyt ýasap del agaçdan,
Munda jaýlamazlar ýaly…
Dnepr ilinden gelýän
Jahanyñ mukaddes ýeli
Getirsedi bir owuç gum!
Şoldur islegim, adamlar…
Nätjek, elimden gelmese…
Hakdan hem närza bolmalyñ,
Diýen zadymyz bolmasa!
* * *
Men haýran. Geljek zat barmy eliñden?
Neneñsi çözmeli ömrüñ bu towun?
Halkdan, bagtdan närazylyk däl gowy,
Eýsem, nätjek ömrüñ bu menzilinde?
Haçan boşadarlar — etmek hem kyn çak.
Zynjyra baglangy nädip ýaşajak?
Zynjyry diş bilen kertip bilsemdim,
Az-azdanjyk kertip, ahyr ýolsamdym…
Zynjyr ýasan ýasamandyr ýolarly
Taplan ussa has hem ussa bolarly.
Dadymyza ýetişjek ýok şu pille,
Urala ýanaşýan ummasyz çölde!
Taras ŞEWÇENKO.
Terjime eden: Çary AŞYROW. Goşgular