|

«Doganlarym, bizi ýakan belany…»

"Doganlarym, bizi ýakan belany…" «DOGANLARYM, BIZI ÝAKAN BELANY…»

"Doganlarym, bizi ýakan belany..."

Doganlarym, bizi ýakan belany,
Geliñ, ýat edeliñ iñ soñky gezek!
Aýnasyndan bakyp çygly zyndanyñ,
Dünýäni synlardyk ýaş alyp göze.
Bilýärin: bir pikir horlardy bizi:
«Ýene haçan toplanarys söhbede —
Bu ýowuz topragyñ üstünde ýene
Haýsy ýyllar bir-birege duş eder?»
Ýok, bize duşuşmak etmez miýesser
Çasly akýan Dnepriñ boýunda!
Dargarys biz ýaşamaga idäp ýer,
Sähralaryñ, tokaýlaryñ goýnundan.
Ýene gurup erkinligiñ hyýalyn,
Ömür süreris biz özgeler ýaly…
Heniz gidip-gelip durka demimiz,
Ukrainamyzy söýeliñ hem-de
Dogamyzy gysganmalyñ ondan biz!
Ondan tamañyzy üzäýseñiz-de,
Näletlemäñ kalba ýakyn bu ili.
Hem ýaşap ýörkäñiz ýat ülkelerde
Käte ýatlap duruñ men görgülini.

Taras ŞEWÇENKO.

Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle