Sadaka soraýan gedaý hem husyt hojaýyn hakynda hekaýat
Sadaka soraýan gedaý hem husyt hojaýyn hakynda hekaýat
Gedaý işigini kakyp bir öýüñ,
«Men aç» diýip duýdurypdyr ýagdaýyn.
Ol öýüñ eýesi — bir husyt gende
Diýen: «Berjek welin, çörek ýok mende».
Gedaý oña şeýle diýipdir şo hal:
«Bir bölek et berseñ, bolardym hoşal».
Öý eýesi aýdan: «Bilip goý, gedaý,
Etçiniñ dükany däl ahyr bu jaý».
«Bolmasa, az-owlak unuñam ýokmy?»
«Men kilwan däl ahyr, nä göreñokmy?»
«Onda suw bir eçil dolduryp gabym».
«Görýäñ-ä bu ýerde ýokdugny ýabyñ».
Öý eýesi husytlygnyñ derdinden,
Ol näme sorasa, gopan tersinden.
Gedaý öýe tarap uranda gadam,
Hojaýyn öñünde keserip şo dem,
Diýen: «Nirä gelýäñ, ataña nälet!»
«Etmekçi öýüñde ullakan täret.
Ötmese käse suw, döwüm nana-da,
Parhy ýok bu öýüñ hajathanadan». Goşgular