«Böwürslen, tiken alypdyr…»
"Böwürslen, tiken alypdyr…"

Böwürslen, tiken alypdyr
Gaýdyp gitmeli ýolumy.
Belki, maña görmek ýokdur
Indi mähriban ilimi.
Ukrainam bolaýarmy
Gaýdyp synlamajak ýerim?
Özüm bolup galarynmy
Okyjysy bu eseriñ?
Paýlaşmasañ öz derdiñi
Eger-de hiç kimse bilen,
Hudaýym, oñuşaýmaklyk
Kyn zatdyr bu durmuş bilen.
Bagtly bolmak ýok ekeni,
Nätjek meniñ täleýimde!
Bagtym hakda ýatlama-da
Galmazmyka diýýän men-dem
Günler geçdiler tiz-tizden,
Dünýä inenimden bäri.
Bagtym ýok ekeni gyzdan!
Ýat ilde unduldy bary.
Men tapmadym bu ýerde-de
Özüme hiç dosty-ýarym
Ýürek syrymy açmaga
Ýok bärde meniñ hiç kimim!
Ýaş ýüregim götererden,
Agyrdyr hasratym, gamym.
Oñat görýän bir kişiñe
Ýürek sözüñi sözlemän,
Şatlandyryp bir garyby
Köñül ýodasyn yzlaman,
Ýa-da zalyma gargaman,
Ölseñ, çekersiñ-ä arman!..
Meniñ Ukrainamdaky
Gula öwrülen ilaty
Görkez maña, jan Hudaýym!
Saña ýalbarýaryn gaty!
Taras ŞEWÇENKO.
Terjime eden: Çary AŞYROW. Goşgular