|

Gogola

Gogola GOGOLA

Gogola

Ýürek sansyz pikirleriñ ýesiri:
Biri ony gysýar, ýarmakçy biri.
Üçünjisi oña sygnyp aglaýar,
Hudaý görkezmesin, bu ne ahy-zar!
Ýüz tutara kimiñ bar,
Göz bolsañ hem gözsüze,
Kim aýdanyñy añlap,
Düşüner beýik söze?
Hemme ker — başlar egik,
Biri zynjyr baglaýar.
Eý, meniñ beýik dostum,
Sen gülýäñ, men aglaýan.
Aglanyñdan ne peýda,
Diñlän tapylmaz seni…
Oýandyrmaz ýurdumy
Gümmürdeýän top sesi.
Ata gurban eýlemez
Eziz ogluny — janyn
Erki üçin, şany üçin
Biziñ Ukrainanyñ.
Ol ony terbiýeleýär,
Soñ esger bolsun diýip.
Tagta hem-de Watana
Saýasyn salsyn diýip.
Ne bir zat eşideris,
Ne-de bir zat añlarys.
Eziz dogan, biz diñe
Güleris hem aglarys.

Taras ŞEWÇENKO.

Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle