Jennet
Jennet
Arassa howa,
gözel tebigat
gam ýok,
gussa ýok
bar zat ýerbe-ýer
öýde
telewizor, internet, aýpad
köçä çyksañ güler ýüzli adamlañ
ellerinde jennet
gözlerinde bagt.
wah, gören bolsady bu gözelligi
waspyny ýeti:rdi Berdinazarlar,
Kerim agalar,
Mämet Seýitler, hem Kerbabalar!?
Ýok, ýok
Butaýy kitaplarda söz edilen Behişt däl,
Y:klap ýörün men
waspa ejiz gopan Türkmen şahyry
ýalñyzlygymda
Ýewropañ bir gözel obajygynda.
Darygýan,
Gysylýar göwnüm!
Bu ýerde bar zat bar, bar zat ýerbe-ýer
Diñe siz ýok dostlarym
«Erkana ruhlar, azada janlar”
Ýok,
Diñe siziñ mähriñizden ganyp bilýän gijeler.
Ýok,
Öz obamyñ güneşi,
öz ilimiñ durmuşy, süýjüler, ajylar.
Ýok,
Çañlyja howam,
bir delje günäm.
Ýanyp göçýän gözýetim,
öz çölüm, öz atym, öz külbäm.
Arassa howa,
gözel tebigat,
Ýok alada, gam,
undulan ÿalan,
Jennet mysaly bu obañ haly,
ähli köçeler gülküden doly.
Ýöne meñ üçin
gözleri gömülen haly teñ üçin,
Töwerek tümlük,
gije, gündizim
Bu ýerde
sen ýok ezizim.
Ybrahym B. Goşgular