Owganystandan Ýewropa çenli 4 müñ km ýoly pyýada ýöredi, şindi tenini satyp gün görýär
Owganystandan Ýewropa çenli 4 müñ km ýoly pyýada ýöredi, şindi tenini satyp gün görýär

Dogduk depesini taşlap Ýewropada ýaşamak islän diş lukmançylygy fakultetiniñ talyby paýu-pyýada Eýranyñ we Türkiýäniñ üstünden geçip baran Gresiýasynda häzir gününi görmek üçin etmeýän zady ýok.
Ýola çykanda 17 ýaşynda bolan Kasym atly owganystanly ýigit 4 müñ kilometrdenem köp ýol ýöredi. Azmlylyk bilen çykan ýolagçylygyny tamamlan Kasym häzir Afinydaky Omoniýa meýdançasynda tenini satyp gün görýär.

Tenini satýandygyny Owganystandaky maşgalasyndan bukýan, şonuñ üçinem hakyky adyny aýtmakdan saklanan Kasym «Ähli gartaşan erkekler jynsy islegini kanagatlandyrmak üçin şu ýerik gelýär» diýýär.
Şeýtmäge mejbur bolýandygyny aýdýan Kasym sözüniñ üstüni şeýle ýetirýär: «Aslynda, bu astyndan çykyp bolmajak ullakan masgaraçylyk. Biz gomoseksualist däl, bu işi hiç edesimiz gelenok. Emma köçede ýatyp-turmaly bolsañ, etmäge mejbur bolýan ekeniñ.»
Her bolýan adamyndan 20 ýewro alýandygyny aýdýan Kasym uly akymly bosgunlardan soñ bahanyñ düşendigine ünsi çekýär.
Kasym şeýle diýip dirka, onuñ beýle ýanynda akýagyz garry adamlaryñ ýaş ýigitler bilen bahanyñ üstünde gürleşip durandyklaryny gördük.

Suratda: Afinynyñ Omoniýa meýdany
Gresiýanyñ iki ýyl öñ Günbatar Ýewropa ýurtlaryna barýan gapylaryny ýapmagyndan soñ Kasymam şu ýerik baglanyp galanlaryñ biri.
BMG-nyñ habar bermegine görä, şeýle ýagdaýda galanlaryñ sany 50 müñe ýetýär. 2008-nji ýylyñ ykdysady çökgünliginiñ salan ýaralaryny häzirem bitirip bilmän ýören Gresiýa Ýewropada iñ ýokary işsizlik derejesine eýe ýurt.
Gresiýada Kasymdan başga-da tenini satyp gün görýän siriýaly, owganystanly, yrakly, päkistanly ýaş ýigitler az däl. Bombalaryñ ýygy-ýygydan partlap duran Kabul şäherinden gaçyp Germaniýa barmak islän Kasym Eýran, Türkiýe, Bolgariýa, Serbiýa ýaly ýurtlaryñ üstünden geçip, ahyryn Gresiýa bardy.
Bir ýyla golaý wagtyny Serbiýada geçiren Kasym bagtyny Gresiýada synap görmek isläpdir. Emma Afinyda-da bolan 19 ýaşly owgan ýigidi Germaniýa gitmek üçin dört gezek galp pasport bilen ýola çykanam bolsa, synanşygy şowsuz tamamlanypdyr.
Etmek islemeýän işini edip, gününi dolamaga mejbur bolan köp sanly ýaş ýigitleriñ diñe biri bolan Kasym Germaniýa gidip bilmedik ýagdaýynda durmuşyny öz eli bilen soñlandyrjakdygyny aýdýar.
Gresiýanyñ Raýat goragy ministrliginiñ düzümindäki polisiýa edarasy geçirilen barlaglaryñ dowamynda Afinyda jynsy taýdan kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ belli toparlar tarapyndan ulanylýandygyny tassyklap biljek fakta duş gelmändiklerini mälim etdi.
«NBC News» habarlar gullugy, 14.09.2018 ý. Publisistika