«Kyýamat diýip men nämä düşünýän…”
"Kyýamat diýip men nämä düşünýän…”
«Wah, oglum, açlyk belasyndan dokluk belasy ýamandyr”.
Obadaşymyz Meret mollanyň aýdany.
Ha günäläň meni, ha günälemäň.
Kyýamata ynanýaryn indi men.
Öz gyzyna zyna iş eden hakda
Eşdenim ýadymdan çykmaz şindi meň.
Bir saçak başynda ärin, oýnaşyn,
Ýal iýdirip ýören gelni tanaýan.
Beýle ahwalata aklym çatanok,
Oýlanyplar öz-özümi gynaýan.
Ogly suwa-salma ýenjeniňden soň,
Göwsün ýere berip aglaýar ata.
Nämekän oň eden agyr etmişi,
Indi goja barsyn kimlere dada?!
Ine, saňa gerek bolsa kyýamat,
Bormy şundan ýaman ahyrzamana?
“Aý bolýa-da” diýip, seňrik ýygyrma,
Görmedikden bolan bolma hamala.
“Aý, nätjek, durmuş-da” diýdiň şo gezek,
Şo gezek kyýamat indi başymdan.
Eger durmuş bolýan bolsa bu zatlar
Onda el çekýärin beýle durmuşdan.
Men onda ret edýän beýle durmuşy
Jyda düşýän bolsa dogan-dogandan.
Hatynyňy gorap ýörmeli bolsa,
Tüntan-tüntaw çykan daýy-ýegenden.
Terk edýärin mankurtlaryň dünýäsin,
Düşen wagty pähim aýak astyna.
Ýaman söz hanjara gaýra dur diýýär,
Gol çermäp çykypdyr ömür kastyna.
Lebiz, ynsap, namys diýilen zady,
Eziz gören ol gadymy atalaň
Dünýäsine dolanasym gelýär meň,
Çykyp dünýäsinden haram lotulaň. Goşgular