|

Taryhyñ on iki täsin wakasy

Taryhyñ on iki täsin wakasy TARYHYÑ ÇEPER FANTAZIÝA ÝALY BOLUP GÖRÜNSE-DE, HAKYKATDA BOLUP GEÇEN ON IKI TÄSIN WAKASY

Taryhyñ on iki täsin wakasy

Taryh syrly, romantiki, pidakärçilikli we täsirleýji wakalardan doly. Gürrüñsiz, bularyñ hemmesi-de öwrenilmäge mynasyp.
Taryhda şeýle wakalar bilen bir hatarda çeper fantaziýanyñ önümi ýaly bolup görünýän, ýöne hakykatdanam bolan geñ-tañsy wakalar bar. Bu geñsi taryhy wakalar geçmişe dahylly täze zatlary öwretmek bilen birlikde okyjyny haýrana goýmagy-da kemsiz başarýar.

1. Buthana ruhanylary merhum Papanyñ jesedini sud etdi

Watikanda taryhyñ dürli döwürlerinde diýseñ täsin wakalar bolup geçdi. Mysal üçin 897-nji ýylda Papa Stewen VI özünden öñi Papa Formosusy jogapkärçilige çekmek isledi. Munda näme geñ zat bar diýmegiñiz mümkin. Emma Papa kellesine gelen bu pikiri amala aşyranda, Formosusyñ ölenine eýýäm bir ýyl geçipdi. Has takygy jogapkärçilige Formosusyñ jesedi çekilmelidi.
Buthana ruhanylary Formosusyñ jesedini ýatan gabryndan çykardy we suduñ zalyna äkitdi. Stewen Formosusy papalyga gelişmeýän ogurlyklary etmekde aýyplap, ony gözden düşürmäge synanyşdy. Ahyrynda Stewen özüni gorap bilmeýän dilsiz-agyzsyz, jansyz-hereketsiz adamy ýeñmegi başardy. Ruhanylar Formosusyñ çüýräp giden jesedini Tiber derýasyna atmazdan öñ üç barmagyny kesdi.

2. Nasist tarykatyñ ýolbaşçysy çagalary gorkuzmak üçin olaryñ gözüniñ alnynda Noel babany öldürdi

Ikinji jahan urşunda Germaniýanyñ hasabyna urşan Paul Şefer 1961-nji ýylda Çilide «Dignidad» koloniýasyny («Colonia Dignidad») gurdy. Guramaçylyk taýdan kommuna sistemasyna meñzeş koloniýa hakykatda Şefer tarapyndan dolandyrylýan 300 adamlyk žermen kultydy. A.Pinoçetiñ döwründe «Dignidad» koloniýasy gizlin tussaghana hökmünde-de ulanylypdy. Lager şol bir wagtyñ özünde birnäçe kişiniñ Şeferi çagalara jynsy zorlugy ulanmakda aýyplaýan gabahatçylyklaryñam bolýan ojagydy. Ol ýerde bolup geçen iñ geñsi wakalaryñ birem Şeferiñ käbir çagalary gorkuzmak maksady bilen adamlarynyñ birini Noel babanyñ eşigini geýdirip, olaryñ gözüniñ alnynda öldürmegidi. Elbetde, bu diñe çagalaryñ gözüniñ oduny almak üçin gurnalan pyrryldakdy. Şefer çagalary özüne wepaly we boýun sunujy bolmaklary üçin gorkuzmak isleýärdi. «Dignidad» koloniýasynyñ 1991-nji ýylda ady üýtgedilip, «Villa Baviera» boldy. Häzir ol ýer aýratyn oteli bolan syýahatçylyk merkezi hökmünde ulanylýar.

3. Awstriýanyñ goşuny ýalñyşlyk bilen öz-özüne garşy uruşdy

1788-nji ýylda Awstriýa Osmanly imperiýasyna garşy urşup ýördi. Awstriýa goşunynyñ öz-özüne garşy urşan Şebeş söweşi diýseñ täsin görnüşe girdi. Taryhçy Çarlz Kirk muña XVIII asyrda bir goşunyñ öz-özüne ýitgi çekdiren «iñ şum wakasy» diýip baha berýär. Awstriýa goşuny gije Karanşebeş obasynyñ golaýynda düşlände, atly we pyýada goşun şerap içip lülgammar bolanlaryndan soñ biri-birlerine garşy urşup başladylar.
Serhoş esgerler oýun edip türkleriñ özlerine garşy ot açandygyny aýdyp gygyrdylar. Käbir esgerler muny çyndyr öýtdüler. Kän wagt geçmänkä goşunyñ düzgün-nyzamy bozuldy, başagaýlyk gurşap aldy, goşun ýol boýy öz-özi bilen çaknyşdy. Dañ atýança awstriýalylar osmanlylaryñ golaýyna barmazdan müñlerçe esgerini ýitirdi. Ölenleriñ we ýaralanlaryñ 10 müñe golaýlandygy aýdylýar.

4. Frederik Lorz 1904-nji ýylyñ Olimpiýa oýunlarynda ylgamak boýunça ýaryşda awtoulag sürüp ýeñiji boldy

1904-nji ýylyñ Olimpiýa oýunlary taryhyñ iñ täsin wakalarynyñ birine şaýatlyk etdi. Olimpiadada ylgamak boýunça ýaryşda Frederik Lorz birinji boldy. Emma ol 10 mil tizlik bilen barýan awtoulaga münendigi üçin birinji bolupdy. Ýaryşyñ soñunda Lorz ýüwrükleriñ ýeñijisi hökmünde gutlandy we ol hatda Alisa Ruzwelt bilen ýadygärlik suratyna-da düşdi. Emma ol kän wagt geçmänkä eden işini boýun aldy we diskwalisirowat edildi.
Netijede pellehana Lorzdan soñ gelen Tom Hiks çempion hasaplandy. 1904-nji ýylyñ Olimpiýa yaryşynyñ başyna bela bolan ýeke meselesi Lorzyñ pyrryldagy däldi. Başga bir ýüwrük William Garsiýa gumak ýoldan ylgap barýarka tozandan şeýle bir ýaramaz täsirlendi welin, tozan mädesiniñ perdesini deşdi. Gan gusdy we hassahana ýerleşdirildi.

5. 1855-nji ýylda torontoly ýangyn söndürijileriñ we masgarabazlaryñ arasynda bolup geçen dawa topalañyñ turmagyna sebäp boldy

1855-nji ýylda göçme amerikan sirkleriniñ biri Toronto şäherine gitdi. Sirk şatyrlaryndan (masgarabazlaryndan) käbiri ýerli ýangyn söndürijileriñ ýygy-ýygydan barýan jelephanasyna gitdi. Emma jelephanadakylar başga şäherlerden gelen müşderilere gowy hyzmat etmeýän eken. Kanadaly ýangyn söndürijiler bilen amerikan şatyrlarynyñ arasynda dawa döredi. Dawanyñ soñunda üstün çykan tarap şatyrlar boldy.
Ar aljak bolup çyrpynan ýangyn söndürijiler we beýleki ýerli ýaşaýjylar göçme sirkiñ söbügine düşüpdir. Gahar-gazaba atlanan jemende sirkiñ wagonlaryny oda beripdir. Hadysalar birnäçe sagada çekipdir. Taryhçy Ian Radforth bu waka «XIX asyryñ ortalarynda Torontonyñ iñ uly topalañlaryndan biri» hökmünde baha beripdir.

6. MRU öz işlerinde maglumat toplamak üçin pişikleri ulanmaga synanyşdy

ABŞ-nyñ MRU-si (Merkezi razwedka uprawleniýesi) bir mahallar SSSR-e we beýleki duşman elementlerine garşy maglumat toplamak üçin pişikleri ulanmaga synanyşdy. Waka şeýle bolup geçdi:
Alymlar pişige mikrofon, radioperedatçik, antenna ýerleşdirdiler.
Operatorlar soñra pişigi jansyzlaryñ gürrüñini diñlemek üçin strategik ähmiýetli nokatlarda hereket eder ýaly taýýarladylar. Barlap görmek üçin pişigi ilki bir seýilgähe goýberdiler, emma operasiýa şowsuz tamamlandy: pişigi awtoulag basyp geçdi. Ahyrynda MRU bu tilsimiñ şowuna bolmajagyny bildi we maksatnamany goýbolsun etdi.

7. XII asyrda ýygnak geçiren aristokratlaryñ duran ýeri çöküp, lagyma gapgaryldy

1184-nji ýylyñ iýulynda Germaniýanyñ Erfurt şäherinde uly ýygnak geçirildi. Ýygnagyñ jikme-jikliklerini bilmek kynam bolsa, onuñ köşkde ýa-da buthanada bolup geçendigi mälim. Ýygnanşykda korol Genri VI we ýokary gatlakly aristokratlar (begzadalar) bardy.
Ýygnagyñ geçirilýän ýeriniñ astyndan uly lagym (kanalizasiýa) çukury bar eken. Ýygnaga gatnaşyjylaryñ sany-da onuñ ýerleşýän ýeriniñ götererinden kän bolupdyr. Ýygnak gidip durka ýer agramyny göterip bilmän çöküpdir. Birgiden adam aşakdaky lagymyñ howuzyna düşüpdir. Käbirleri zibilleriñ üýşýän hapa çukurynda gark bolupdyr, käbirleri-de derýa çenli akyp gidipdir. Genri VI penjireden aslyşyp ýetişendigi üçin ölmän galdy.

8. Hökümdar Mansa Musa şeýle bir baýdy welin, ol Kaire gelende Müsürde altynyñ hümmeti gaçdy

XIV asyrda Mali imperiýasyny dolandyran Mansa Musa ýurtdaky altyn we duz känleri arkaly ummasyz uly baýlygyñ eýesi bolupdyr. Hökümdar Musa 1324-nji ýylda Mekgä haja gitmek üçin ýola rowana bolupdyr. Ol haja gidende Kairde düşläpdir. Müsürliler gözleriniñ görýän baýlyklaryna agyzlaryny öweldip galypdyr. Orta asyr taryhçysy Ibn Fadlallah el-Umariniñ aýtmagyna görä Musa we onuñ ýanyndakylar getiren baýlyklaryny Kairde gaýgyrman harç edipdir welin, şäherde altynyñ hümmeti on ýyldan gowrak wagt hümmetini ýitirip, öñki güýjüne gelip bilmändir.

9. Konkistadorlar platinanyñ üstünden barsa-da, onuñ gymmatyna düşünmändir

Sanawyñ 9-njy ornuna ýerleşen bu geñsi wakamyza geçmezden ozal konkistadoryñ nämedigi hakda maglumat bereliñ. Konkistador XV-XIX asyrlarda Amerikanyñ köp ýerini basyp alyp, ispan agalygyna salan ispaniýaly esgerlere, ýer açyjylara we jahankeşdelere berlen atdyr.
Ispaniýalylar Amerika gidenlerinde gözleýän esasy zatlarynyñ biri-de altyndy. Altyna bolan gara nebisleri olaryñ platina ýaly gymmatly baýlygy görmez ýaly derejede gözlerini kör edipdi.
Ispaniýalylar platinany ilkinji gezek XVI asyrda gördüler. Emma platinanyñ nähili seýrek duş gelýän gymmatly baýlykdygyny bilmeýändikleri üçin onuñ altyn bilen deñeşdirende gymmatsyz magdandygyny oýladylar.

10. Meşhur ýazyjy Wolter lotoreýa oýnap baýlyk gazandy

Wolter fransuz lotoreýa sistemasynyñ gowşak ýerlerinden peýdalanmak üçin matematikaçy Çarlz Marie de la Kondamin we başga-da on bir tanşy bilen lotoreýa oýnady. Ähli sanlary yzarlap oñarsalar anyk nesibeleri çüwmelidi we puly öz aralarynda paýlaşmalydy. Şeýle-de boldy. Topar her lotoreýa oýnanda millionlarça liwre (köne fransuz pul birligi) gazanýardy. Wolteriñ paýy bolsa, bir özüne 500.000 liwre töweregidi.

11. Nemesler tarapyndan ýesir alnan Duglas Bader gaçjak bolup şeýle bir köp jan etdi welin, ahyrynda ony gala gabap goýdular

1931-nji ýylda Korollygyñ Howa Güýçleriniñ uçarmany Duglas Bader türgenleşik geçip ýörkä uçar heläkçiligine uçrady. Bader ölmän galanam bolsa, dyzynyñ aşagyndan iki aýagyny-da kesmeli boldy. Emma bu ýagdaý onuñ uçarmanlyk etmegine päsgel berip bilmedi.
1939-njy ýylda ikinji jahan urşy başlanda Korollygyñ Howa Güýçleri Baderi gaýtadan gulluga çagyrdy. Bader birnäçe nemes uçaryny urup ýykyp, gaýratyny görkezmegi başardy. Emma 1941-nji ýylyñ awgust aýynda nemesler Baderiñ uçaryny urup ýykdylar. Bader nemeslere ýesir düşdi. Bader birnäçe gezek gaçmagy meýilleşdirdi. Ol bu babatda şeýle bir tutanýerlidi welin, nemesler ahyrsoñy ony gala gabap goýmaly boldy. Azatlyga çykmak üçin 1945-nji ýylda uruşyñ gutarmagyna garaşmaly bolan Baderiñ gahrymançylykly başdan geçirmelerini unutmadyk iñlis metbugaty we Howa Güýçleri ony Ikinji jahan urşunyñ gahrymany diýip yglan etdi.

12. Jon Adams we Tomas Jefferson Garaşsyzlyk deklarasiýasynyñ 50 ýyllyk ýubileý gününde aradan çykdy

1826-njy ýylyñ 4-nji iýul güni ABŞ üçin diýseñ möhüm ähmiýetli günleriñ biridi. Şol gün ABŞ-nyñ Britaniýa imperiýasyndan bölünip, Garaşsyzlygyny yglan edenine elli ýyl dolýardy. Emma şol bir wagtyñ özünde-de ýurt üçin betbagtçylykly günleriñ biri boldy. Çünki Jon Adams we Tomas Jefferson şol gün aradan çykdylar. Olaryñ ikisi-de ABŞ-nyñ Prezidenti bolan we Garaşsyzlyk deklarasiýasynyñ taýýarlanmagyna goşantlaryny goşan şahsyýetlerdi.

Janer JEM MARTY. Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle