|

Magnit

Magnit MAGNIT

Magnit

Birmahallar magnit bolup birigip,
Bir tomus däl, ençe gyşy ötürdik.
Aramyza dil sygmadyk mahaly,
Magnit bolup bir-birimiz iterdik.

Şondan bäri hyýallara gark bolup,
Parhsyz atyrýarys her gelen dañy.
Men ýarama spirt çalyp ýaşaýan,
A sen aý-günleri edipsiñ dañy.

Köwüşlermiz bir-birne baglardyk,
Bu gun bagjyklarmyz özün baglap dur.
Geliñ bizden nusga alaýyñ diýip,
Seret, ýatlamalar ýene aglap dur.

Bir-birege düşünýärkäk dilmaçsyz,
Özgä dil öwretmek bize takdyrmy?
Şeýdip kowup ýörsek binamys bagty,
A soñ ol tarapa bizi bakdy:rmy?

Özgä gülüp, pyçak urýas her sapar,
Bilýäris-ä, gözlerimiz gynam däl.
Ýöne şu bolşumyz, gözümiz dagalp…
Bagyşlamak şu gezişden kynam däl.

Bir-birege ýeñse öwrüp gaharda,
Ýürege ýaş baglap pyzyp yörüs biz.
Emma, ykballarmyz bir-birin çekip,
Heniz magnit güýjün syzyp ýörüs biz.

Ahmet ARAZOW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle