Mollanepes haçan ýaşap geçipdir?
Mollanepes haçan ýaşap geçipdir?
Türkmen klassyky edebiýatynyň görnükli wekili »Yşk mülküniň şasy» Mollanepesiň ömri we döredijiligi barada berilýän maglumatda, şahyryň 1810-njy ýylda Saragtda dünýä inip, soňra Maryda ýaşandygyny, 1860-njy ýyllarda Marynyň üstüne şahyryňam olaryň garşysyna eli ýaragly soweşendigi barada aýdylýar. Şol söweşleriň birinde agyr ýaralanyp, şol ýara zerarly 1862-nji ýylda 52 ýaşynda aradan çykypdyr — diýlip ýazylypdyr.
Emma şahyryň öz eli bilen (ölüm ýassygynda!) ýazan şygrynda bolsa:
Lu ýylyn unutmaň, eý, türkmen ogly,
Remezan aýynda gidendir köňlüm —
diýmek bilen onuň 1862-nji ýylda däl-de (1862-nji ýyl it ýylyna gabat gelýär) 1868-nji ýylda dünýäden ötendigini özi ýazyp gidipdir ahyryn. Ýene-de bir aýtjak zadym, şahyr şol goşgusynda:
Elli iki ýaşynda gidendir köňlüm
— diýse-de onuň 51 ýaşynda ýogalan bolmagy gaty mümkin.
Sebäbi Türkmen halkynda-da, ähli musulman ýurtlaryndaky ýaly eger adam 63 ýaşa ýetmän ýogalsa, ýaşan ýaşynyň üstüne bir ýaş goşmak, 63 — ýaşdan geçip ýogalsa ýaşan ýaşyndan 1 ýaş aýyrmak kada bolupdyr. Ol köp ýerde häzirem şeýle. Bu zatlaryň hemmesi Merhumyň ýaşyny mümkin boldugyça Muhammet pygamberiň ýaşan ýaşyna ýagny 63-e golaýlatmak üçin şeýdipdirler. Öz döwrüniň uly ahuny Mollanepes üçin bolsa bu däp has-da kanunalaýykdyr. Şu ýörelgelerden çen tutup men Mollanepes 1810-njy ýylda däl-de 1817-nji ýylda doglup, 1862-nji ýylda däl-de 1868-nji ýylda, 52-däl-de 51 ýaşynda aradan çykan bolmagy mümkin diýip çaklaýaryn. Men bu barada 1988-nji ýylyň ýazynda belli folklorçy Ümür Esenowdan sorap gördüm welin, olam meniň pikirim bilen ylalaşdy we »Seniň aýdýan zatlaryň dogry, ýöne düzetmek kyn bolar» — diýdi. Bolanda näme? Esasy zat faktlary şol ugurda işleýän adamlaryň makullamagy.
Eger degişli adamlar unasa sene ýazgylaryny düzedip bolar. Belki, ol ýazylan (1810-1862) ýazgylar başga bir subutnamalara esaslanyp ýazylandyr. Ýöne şahyryň öz ýazyşy bilen baglanyşykly pikir has ygtybarly ýaly bolup dur. Belki, bu barada degişli adamlar öz pikirlerini aýdarlar!
Meretdurdy BEGMYRADOW Edebiýaty öwreniş