Gülki äleminde
Gülki äleminde
Sudda bir at ogrusyny aklap goýberipdirler. Şol günüñ ertesi aklanan suda gelip, şeýle diýipdir:
— Jenap sudýa, men sizden adwokatyma çäre görmegiñizi talap edýärin.
— O näme üçin? — Sudýa ör-gökden gelipdir. — Ol sizi aklap goýberdi ahyry!
— Dogry. Ýöne adwokatyma tölemäge pulum bolmansoñ, ol meniñ ogurlan atymy elimden aldy!
* * *
— Gyzym, señ göwreli bolanyñ çynmy?
— Çyn, eje jan, düýn hut dogtoryñ özi şeý diýdi.
— Onsoñ, oñ kakasy kim?
— Ine, şuny welin, eje jan dogtor aýtmady-da!
* * *
Agyr syrkaw ýatan biri jan edip, telewizor ussasyny çagyrypdyr. Ussa telewizory bejerip bolandan soñ, nähoş ondan şeýle diýip sorapdyr:
— Näçe wagtlap işlärkä?
— Hatyrjem boluñ, ýaşuly, tä ömrüñiziñ ahyryna deñiç işlär.
Bir aýdan soñ, ol ýene ussa çagyrmaga mejbur bolupdyr.
Ýene şol öñki ussa gelipdir.
— Ömrüñiziñ ahyryna çenli saz işlär diýmediñizmi? — diýip, näsag bada-bat nägileligini bildiripdir.
— Bagyşlañ, men sizi bir ýetmezmikäñiz öýdüpdirin-dä.
* * *
— Sen Atlantik okeany göz öñüne getirip bilýäñmi?
— Dagy näme?
— Men, ynha ýüzüp, şoñ añyrsyna geçdim-dä!
— A sen Öli deñzini bilýäñmi?
— Elbetde…
— Ana, şony öldüren men-dä!
«WATAN» gazeti, 1996 ý. Degişmeler