Aşgabadyñ goýnunda
Aşgabadyñ goýnunda
Señ goýnuñda hasyl boldy arzuwlam,
Bagtyýar döwrümiñ talyby boldum.
Gözlemde ýaldyrap otly ýyldyrym,
Bagt atly bagyñdan bir güli ýoldum.
Señ goýnuňda tapdym özüme syrdaş,
Her gün kalbym içre arzuw dokaýan.
Kagyzyñ ýüzüne ekip umydym,
Kitap edip gözelligi okaýan.
Señ goýnuñda düşdüm bagtyñ roýuna,
Arzuw, umyt, ylham, birleşdi birden.
Şunça baýlyklaryñ eýesi boldum,
Aşgabadym, asla doýma ýok senden!
Aýjeren GADAMOWA,
Türkmen Döwlet medeniýet institutynyñ talyby. Goşgular