|

Ýazgydym ýazdym

Ýazgydym ýazdym ÝAZGYDYM ÝAZDYM

Ýazgydym ýazdym

Men senden el üzmek islämok asla,
Sebäbi, duşmadym saňa tötänleý.
Para hem-de peşgeş bilen almadym,
Şol söýgimden gelip şu gün öter deý.

Bilýärmiň, ejemiň garnynda wagtym,
Taýynlandym seni gözläp tapmaga.
Ynan, özge ykbal ykbalymda däl,
Gözüm barmaz özge göze bakmaga.

Sen hakdaky hýalarym yzçy deý,
Goýmaz güne, harlar, dalar, at salar.
Ähli kynçylykdan galkyp çykaryn,
Çökmen suwda meşik kimin, bassalar.

Gözleriň göreji göreçden geçer,
Geçsin, deşsin…
Umuman ölümden edemok heder.
Emma, şol gözleriň bakmasa maňa,
Näletli adam deý uzak ýaşadar.

Men şoň üçin asla yza gaýtmaryn,
Pikriňi, pikrimem etmerin yrýa.
Ynan, geljekdäki ähli gowluklar.
Kiçijek gorkunçly ädimden durýar.

Ynanaý!
Şatlyk, söýgi, bagtyň… özi gelmedi.
Tapjak bolup şöwür çekdim, ýer gazdym.
Allam maňlaýyma ýazmady seni,
Bilseň, men ony hut özüm ýazdym.

Ahmet ARAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle