Ýetim
Ýetim
Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol.
Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar
Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol.
Ýok, ol aglamaýar.
Ýok, ol gülmeýär
Şeýle bir perişan bolsa-da haly.
Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar,
Kimsi bar gülende buýsanar ýaly!
Nobatguly Rejepow.
«GEÇMIŞ» GOŞGULAR TOPLUMYNDAN Goşgular