Korona
Korona
Adamlar,
Balkonlar,
Köp-köp penjire,
Gündiziñ gözüne çekilen surat.
Agaçlar ajaýyp,
Ajaýyp guşlar,
Başgaça görnüşi tukat şäherleñ.
Bu jahanyñ gözelligi gözleriñ
Erte ÿene şapak bolup doganda
Goşgy bormy sözlerim?
Adamdan, maşyndan dyndy köçeler
Seÿil edip ÿör ÿeller
Dem alýar güller
Günümiz bitin,
Ÿapraklaram tans edÿärler meýletin.
Gujaklaşýar barmaklar
Eller göýä ýapraklar,
Tans edýäris ikimiz.
Aýlanýañ,
Aýlanýan,
Ýene aýlanÿañ
Aÿlanşy deÿ setirlemde sözleriñ,
Aÿlançaga çolaşýar başgaça aýlançaklar.
Soñlaýar simfoniýa
Şarka doñýar ýañarlañ.
Teni taşlap kenara,
Gorkuly gözlerñi dikip penjirä
Pyşyrdaÿar dodaklañ:
— Seret Korona,
Korona, …
Ybrahym B. 2020 Goşgular