Gorkut ata, Däli Domrul hem Ezraýyl hekaýaty
Gorkut ata, Däli Domrul hem Ezraýyl hekaýaty
EZRAÝYL HEKAÝATY

Diýip bilmen hemme bilen deň adam,
Gorkut ata diýilýäni geň adam.
Oguzyň ol kethudasy bolupdyr,
Ady-owazasy dünýä dolupdyr.
Bir aýyby- gorkarmyşyn ajaldan,
Gorkut ady galmyş onuň haçandan?!
Ezraýyl gözüne ilmejek bolup,
Gaçypdyr diýýärler dünýä at salyp.
Jan jellady muňa gülküsi tutan,
Ýüregi awansoň, şeýle söz gatan:
-Gaçyp ýörşüň, walla, seniň näteňet,
Bolmanda, heý, goja, daşyňa äňet.
Gowusy, ajaly salma ýadyňa,
Ýada salsaň, hiç kes ýetmez dadyňa!
Şondan soň aradan heňňamlar geçen,
Niçeme ýaş-garry gara ýer guçan.
Bir günem ýatlapdyr gaçyp mazasy,
Atamyzyň dolmuş şonda kazasy…
Gara gylyjyndan men-menlik satan,
Gorkman Ezraýyla haýbatlar atan.
(Ýöne soň gutarjak bolupdyr janyn,)
Domrul nä söýlemiş, eşid-ä, hanym:
„ – Aý, Ezraýyl, aman!
Taňrynyň birligne ýokdur güman.
Men seni beýle bilmez idim,
…Şeraplar iýdim-içdim doýmadym –
Ne sözledim, bilmedim,
…Janym alma, Ezraýyl, medet!“
Ezraýyl bu sözi bilmedi telek…
Jan süýji zat, ýokdur oňa taý geljek,
Şonuň bilen adam eýe bagtyna.
Ýöne mugt zady Ezraýyl gelip,
Bir demde-de alyp gidýär mugtuna.
Dana-da,
Nadana-da,
Merdi-merdana,
Soltana,
Hem daýhana…
Şirin jany hemme zatdan ezizdir.
Ýöne adam Ezraýyldan ejizdir.
Barybir jan jelladyndan gaçyp gitjek ýeriň ýok.
Şonuň üçin Ezraýyla para-peşgeş, berim ýok…
22.06.- 2.07.2016 Goşgular