Nohur dilim
Nohur dilim
Daglar ýaly gojaman sen,
Ene dilim – nohur dilim.
Ne şirin sen, ne zyban sen!
Ene dilim – nohur dilim.
Merdanlaryň dag dili sen,
Bal garylan ýag dili sen.
Şady-horram çag dili sen,
Ene dilim – nohur dilim.
«Baýnyç“ diýýäň sallançaga,
«Titi“ diýýäň bala çaga.
«Äräh“ diýýäň han araga,
Ene dilim – nohur dilim.
Söküp Buhara, Hywany,
Eýran, Turany, owgany…
Köp görensiň jeň-gowgany,
Nohur ilim, nohur dilim.
Ynjydanlar az däl ýaly,
Seniň bilen saz däl ýaly.
Ýöne göwünleň ýazlany-
Ene dilim – nohur dilim.
Duşman raýyndan gaýtaran,
Galkan, ýaýyndan gaýdyran.
Kelet dagyndan taýdyran,
Ene dilim – nohur dilim.
Çaňy çykmaz ýekeleriň,
Goý, köpelsin ekelerim.
Seniň bilen bekelerin,
Nohur ilim, nohur dilim.
19.05.2016. Goşgular