|

Şäher ahwalaty

Şäher ahwalaty ŞÄHER AHWALATY

Dynç güni.
Arkaýyn ýatansyň irden.
Birden,
Birdem azan sesi oýadar seni.

Soňam Gökdepe ýa Gäwers tarapdan
Geleniň sesi
Goýmaz günüňe.
Misli aşhanada gezýän alaka.

«Malaka, malaka, malaka…“
Ilki düşünmersiň näme diýýänne,
Soň düşünip, käýinersiň özüňe.
Alajyň ýok, çök düşersiň dyzyňa.

«Malaka, malaka, malaka.“
«Malaka bar, malaka…“
Gözüň açak-ýumalak,
Howludan eşdiler şaňňydan şaňňy
Ýene bir ses, ol maryly Taňňy.

Buşluk habaryny getiren ýaly,
Gygyrar zowladyp:
«Balyk bar, balyk“,
«Рыба есть, pыба“.
«Balyk bar, balyk“,
«Рыба есть, рыба…“

Şo gün birje datmasaň-da balykdan
Doýgun borsuň balyk atly şalykdan.
«Wah, gapsady sesin birsalym“ diýip,
Dilegiňdir halykdan.

Ses ýatar birsellem, ine-de, birden
Gygyrýar howluda çüýşe ýygnaýan.
Zorruk, çakyr, şaňňy sesi eşidip,
Öýmüze däl, giň şähere sygmaýan.

«Кlubnik bar, кlubnik,“
«Gawun bar, gawun“,
«Kädi bar, kädi“,
«Garpyz bar, garpyz“…
Senem içiňden diýersiň,
«Merez bar, merez“.
Şeýdip geçip gider bir günüň, garaz.
— Sese bat bermäň-ä, a-ho-ow, oglanlar,
Bisähet günlerde aňkaw doglanlar…
Diýip, öz-özüňe hüňürdän borsuň.
Haýry ýok, barybir eşidýän zadyň:
“Klubnika bar“,
«Gawun – garpyz bar“‘
«Kädi bar“.
«Balyk bar, balyk“,
«Рыба есть, рыба“.
«Sübse bar, sübse…“

04.03. 2016. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle