|

Ses geldi

Ses geldi SES GELDI

Köpelipdir edebiýat ogrusy,
Ogry gözleň ogurlykda gözleri.
Gyrp-çyrp etdi Pyragydan, Nepesden,
Käte hem Ezizow bolup sözledi.

Gol goýdular iliň ýazan zadyna,
Şöhrat geler diýip «şöhrat adyma“,
Nälet okadylar ýakyn-ýadyna,
Şöhrat näme, nälet sözi pes geldi.

Ýazmadyk zadyňa «ýazdym men» diýmek,
Göterýän kelläňde «şaryk kem“ diýmek,
«Nowaýy, Ferdöwsi, Saady kim?“ diýmek,
«Eý, waý!“ diýip, mazarlardan ses geldi.

Bardyr goşuk ýazyp berýän guluňyz,
«Şahyr men!“ diýenler, budur günüňiz!
Para-peşgeş horjunynda puluňyz,
Ahyrynda hasabyňyz ters geldi…

26-29.05.2018. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle