|

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe HEÝKELTARAŞ SARAGT BABAÝEWE

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe

Tebigylyk owalbaşda zandyňda,
Eziz dostum, gözellige teşne sen.
Eger meňzetmeli bolsa özüňi,
Dag göwsüni ýaryp çykan çeşme sen.

Kalbyňy çoýandyr bir mährem ene,
Gara daş janlanýar seniň eliňde.
Heýkelleri synlap diýdim: „Aperin!“
Gözellik bar gözelligiň deginde.

Daň ýyldyzy bolup Nury Halmämmet,
Seret, anha, tirsegine galypdyr…
Aýralyk pursaty ne agyr pursat,
Bagşy soňky gezek dutar çalypdyr.

Iň soňky bolmaga haky ýok, haky,
Dutara jan berdiň ýene, Saragt!
Dünýä deýin ajap türkmen bahary,
Ak güllere basyrnypdyr daragt….

Gözellik döredýäň daşlary ýonup,
Hem-de ýonup öz-özüňi taplaýaň.
Ukusyz gijeleň ezýeti başga,
Munda şahyr gijesini ýatlaýan.

16.12.2008 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle