Esgerlik
Esgerlik
Nyzamdan başlanýar esgeriň ömri,
Gutarsa-da hut şol ýerde gutarýar.
Emmedir emzikden aýralyk döwri —
Esgerlikdir
Utulan bar, utan bar.
Emma, olaň ikisi hem ýeňişdir,
Namart bolup, boýun togalanandan.
Özüň geliş hem özüňe gelişdir
Esgerligi
Her bir dogulan oglan!
Süleýman HAÝDAROW. Goşgular