Sähra saçak ýaýypdyr
Sähra saçak ýaýypdyr

Bahar aýy bardyk ýene
Sähraň myhmanhanasyna.
Ýerden göterlip göwnümiz,
Ýetdi Gögüň aýasyna.
Ýaýypdyr sähra saçagyn,
Şeýle bir giň hem hemmä deň.
Kebelekler balarylar
Gaýmalaýar görüşip geň.
Gelýä gözel keşbin ýaýlaň
Göz bilen iýiberesiň.
Bu meýdanda çem geleni
Gelýä gujaklaberesiň.
«Beýik Türkmenbaşy nesli» gazeti.
ÇEMEN ANNABERDIÝEWA. Goşgular