|

Ýol

Ýol ÝOL

Äkitdiler bagtly ömür sürmäge,
Diýdiler: — Il-ýurt
Siz deñli-deñli.
Haýdadyk biz ynsan günün görmäge,
Ýol welin, çakyñdan gowgaly-jeñli.

Gan-derimi dökdüm ynanyp-uýup,
Ne özüm baý boldum,
Ne menden alan.
Şonda-da jenneti gulagma guýup,
Men diýen serdarlar sözledi ýalan.

Asla menzil aşyrmaýan bu ýoly,
Nätjegimi bilmän ulaşýan derde.
Men ilişip galýam bir übtük ýaly,
Duran gedaýlara
Geçelgelerde.

* * *

Söz aýtmankañ turýan añyp-gyssanyp,
Ogluñ bolsa —
Bagt guşy depäñde.
Gyz gerekdir
teşnelikden suslanyp,
Mähre suwsan dodaklaryñ kepände.

Aýal gerek
öz derdinden sowrulyp,
Señ azaryñ emläp,
Akyl-huşuñdan —
Iki goly telim ele öwrülip,
Habar alyp bilýän dumly-duşundan.

* * *

Adam ogly senem öwren agaçdan,
Ýere sanjyp suw berdigiñ köküne!
Geregini tapyp şertden-alaçdan,
Boýun-inin alar otyr erkine.

Agaçlaryñ ösmegi öz-özünden,
Daglarda köküne döredip esas.
Sypmaly däl
Paýhasyndan, gözünden,
Ýagşy günler üçin edýärkäñ yhlas.

Kakabaý YLÝASOW.

«Garagum» žurnaly, 1992 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle