Şeýle gelipdir, şeýle gitmesin…
Şeýle gelipdir, şeýle gitmesin…
Ähli ejeler — ejeleriñ gözeli,
Sen — gözelleñ gözeli!
On üçde çykdyñ äre
Meni dogurdyñ on bäşde.
Ýigrimalty ýaşyñda
Dünýäden açdyñ ara.
Söýgi dolup-daşýan ýüregim üçin
Saña ömürbaky minnetdar, eje.
Ýeke suratyñam galmady mende
Günädi,
Surata düşmek-de küje.
Ne kino görüpdiñ, ne-de teatr.
Tok, yşykly gaz, suw, peç…
bularyñ,
Hiç birisi ýokdy
Zar bolduñ peje.
Ne deñze suwa düşdüñ
Ne okap-ýazybildiñ.
Gözel gözleñ,
Gara bürenjegiñ añyrsyndan bakdy dünýä.
Ýigrimalty ýaşyñda
Ölüp gitdiñ ýaşaman…
Ejeler indi ýaşamazdan ölmeli däl…
Şeýle gelipdir,
Emma şeýle gitmeli däl!
Eziz NESIN.
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular