|

Özüme häsiýetnama

Özüme häsiýetnama ÖZÜME HÄSIÝETNAMA

Meniñ häsiýetim, gylygym şeýle:
Başarsam dogrymy sözleýärin men.
Başarmasam welin, köñlüm dogada,
Pyşyrdap, asmana gözleýärin men.

Keriñ eşitmesi, körüñ görmesi —
Gudraty güýçliniñ goldaw bermesi!
Bolaýýar-da, halamasam näkesi,
Görsem, göz ýumamok, duzlaýaryn men.

Gam ne? Bilmez gam laýyna batmagam,
Gamda galsam, umyt diýdi: — Etme gam!
«Golaýma gelmesin — diýýän — betlagam»
Ak ýürek ynsana dözmeýärin men.

Il bilen geçirdim ýaz-u-gyşlarmy,
Il bilen uçurdym elguşlarymy,
Ýalñyşsam, halk aýtsa ýalñyşlarymy,
Derhal ýalñyşymy düzleýärin men.

Obama baramda, diýdi bir daýym:
«Şygry beren gursagyñdyr serpaýyñ».
Diýdim: «Il-ulusa hyzmata taýyn,
Bu ýürek joşmasa ýazmaýaryn men!»

Ahmet MÄMMEDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle