«Göýä, bir azaşan gämi…»
"Göýä, bir azaşan gämi…"

Göýä, bir azaşan gämi,
Jahanda ýok belli ugrum.
Bu hem hiç,
Ýöne göwrämi
Ýok etmekçi bolýar ruhum.
Ol diýýär: “Saňa dynçlyk ýok,
Baş goşduň peýdasyz işe.
Seni öňe äkidýän ýol
Hiç haçan gowşurmaz ile.
Seni söýüp idäp gelen
Soň galmak islär ganyňa.
Owal-ahyr şatlyk bilen
Dolanmarsyň mekanyňa.
Özgäniň çekýän ezýeti
Saňa ötere ýol bermez.
Dünýäniň aýşy
-eşreti
Gamgyn köňlüňi bejermez.
Özüňe tapmarsyň orun
Gämisinde goja Nuhuň…”
Şu zatlary aýdyp her gün
Maňa azar berýär ruhum.
Orazgylyç ÇARYÝEW. Goşgular