Hukuk sorag-jogaplary – 4: Döredijilige bolan hukuk we onuň kanunçylyk esaslary
Hukuk sorag-jogaplary – 4: Döredijilige bolan hukuk we onuň kanunçylyk esaslary
SORAG (@Nurdan):
Döredijilik işi bilen meşgullanmagyň dürli kärdäki adamlara Konstitusiýamyzda we beýleki kanunlarda kepillendirilişi barada-da düşündirseňiz?!
JOGAP:
Bu soraga giňişleýin jogap bermek maksadalaýyk bolarmyka diýýän.
Ýöne, ilki bilen, gysgajyk aýdylanda, Türkmenistanda haýsy kärde, haýsy wezipede zähmet çekýändigine garamazdan her bir adam döredijilik işi bilen meşgullanmaga haklydyr. Ýöne, döredijilik işi bilen meşgullanmagy, onuň zähmet-hukuk gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilişine laýyklykda, oňa öz wezipe borçlaryny berjaý etmäge, onuň iş berijisiniň kanun esasynda goralýan bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir, onuň öz ýerine ýetirýän wezipesi bilen baglylykda oňa mälim bolan gulluk we beýleki syrlarynyň aýan edilmegine getirmeli däldir.
Indi, soragyň mazmuny boýunça, GIŇIŞLEÝIN DÜŞÜNDIRIŞ:
Adamyň özüni bagtly duýmagy üçin diňe bir doly saçakly, bitin eşikli, abat üçekli we ýyly ojakly bolmagyň ýeterlik bolmaýandygy hem onuň hut şol owadan dünýäsiniň-kalbynyň zerurlyklaryndan, ýagny ruhy zerurlyklardan gelip çykýar. Her bir jandaryň özüni arkaýyn duýmagy üçin zerur bolan dokluk, howpsuzlyk, dynçlyk ýaly tebigy şertleriň bardygyna garamazdan adam galan ähli jandarlardan tapawutlylykda ruhy teşneligini gandyrmak üçin medeniýet we sungat bolmasa özüni doly bagtly duýup bilmeýär.
Tersine, kähalatda, özüniň kadaly ýaşaýşyny üpjün edýän maddy zerurlyklaryň käbirini wagtlaýyn kanagatlandyryp bilmeýän ýagdaýynda-da ynsan medeni-ruhy isleglerini doly kanagatlandyrsa özüni bagtly we rahat duýup bilýär. Ynsanyň ruhy teşneligini gandyrmagyň hatyrasyna maddy rahatlygyny pida beren ýagdaýlaryna adamzat taryhynda we edebiýatynda näçe diýseň duş gelmek bolýar.
Adam üçin medeni-ruhy zerurlyklaryň maddy zerurlyklardan has belentde durýanlygy sebäpli-de Dünýä Bileleşigi tarapyndan her bir ynsanyň özüni erkin we bagtly duýmagyny, hemmetaraplaýyn erkin ösmegini, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegini üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, şahsyýetiň maddy hukuklary bilen bir hatarda maddy däl hukuklary hem dürli halkara hukuk namalarynda berkidilýär we kepillendirilýär.
Ynsan hukuklarynyň ykrar edilmeginiň iň möhüm taryhy, syýasy hukuk resminamasy bolan “Adam hukuklary hakynda ählumumy Jarnamanyň” 27-nji maddasynda, her bir adamyň jemgyýetiň medeni durmuşyna, ylmy progrese erkin gatnaşmaga, onuň eşretlerinden peýdalanmaga we sungatdan lezzet almaga, şonuň ýaly-da öz döreden ylmy, edebi ýa-da çeperçilik eserleriniň netijesinde gazanan ahlak we maddy bähbitleriniň goralmagyna hukuklarynyň bardygy kesgitlenilýär.
Mälim bolşy ýaly, obýektiw manyda medeniýet – bu adamlar tarapyndan ylmy-tehniki we çeper döredijiligiň netijesinde döredilen özboluşly, emeli ylmy, edebiýat-sungat obýektleriniň jemidir. Medeniýet tutuşlygyna ynsanlaryň döredijiliginiň önümi bolup durýar.
Döredijilik bolsa, adamyň aňynyň-paýhasynyň, zähmetiniň we ukybynyň utgaşykly işjeňliginiň netijesinde, özüniň taryhy-jemgyýetçilik özboluşlylygy, özüniň gaýtalanmazlygy hem üýtgeşikligi bilen tapawutlanýan, düýpgöter täze bir zadyň döredilmegidir. Mysal üçin, surat çekmek, ymarat gurmak, heýkel taraşlamak, keşde gaýamak, täze ulagy oýlap tapmak, täze nazaryýet kesgitlemesini düzmek we ş.m..
Döredijiligiň birnäçe esasy görnüşleri bar:
Çeper döredijilik – bu ýazyjylyk, şahyrlyk, heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk, sazandalyk ýaly durmuş hakykatynyň gözelligini çeper oýlap tapyşyň gözelligi bilen utgaşdyryp, edebiýat we sungat eserlerini döretmekdir.
Ylmy döredijilik – bu adamlaryň jemgyýetiň ösüşiniň ynsanperwerlik meselelerini çözmekde ylmyň we tehnikanyň gazanan üstünliklerini has amatly peýdalanmagyň, bazarda azyk önümleri bilen bolelin etmek wezipelerini ýerine ýetirmegiň, sarp edilýän zatlary öndürmegiň we hyzmat etmegiň ýokary tehnologiýaly hem galyndysyz-taşlandysyz işleýän senagaty guramagyň, saglygy goraýyş ulgamyny ýokary götermegiň we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň, resurslary-baýlyklary aýap saklamagyň, önümçiligiň ylma esaslanýan pudaklaryny netijeli çäreler bilen ösdürmegiň, şol sanda hem önümleriň bäsdeşlik ukyplaryny ýokarlandyrmagyň, önümçiligiň gurluşyny kämilleşdirmek üçin gerek bolan has täsirli sosial-ykdysady hem hukuk mehanizmlerini döretmegiň täze we has netijeli usullaryny oýlap tapmak babatda alnyp barylýan aňly-düşünjeli işjeňlikdir.
Tehniki döredijilik bolsa, täze enjamlaryň, senagat nusgalarynyň, önümçiligiň täze usullarynyň (nou-hau, haý-tek) oýlap tapylmagydyr we ýasalmagydyr.
Döredijiligiň islendik görnüşi bilen meşgullanmagyň netijesinde döredilen eserler we gaýry önümler babatda ýüze çykýan emläk hem emläk däl gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk pudagy bolsa “AWTORLYK HUKUGY” diýlip atlandyrylýar.
Hukugyň nazaryýetinden belli bolşy ýaly, şahsy (subýektiw) manyda awtorlyk hukugy – bu, ylym, edebiýat we sungat eserlerini döreden adamyň öz eserlerine bolan emläk hukuklary we emläk däl şahsy hukuklarynyň toplumydyr. Obýektiw (umumy) manyda bolsa, görkezilen eserler we beýleki önümler babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň jemidir.
Awtorlyk hukugyna gatyşyk hukuklar hem degişlidir. Gatyşyk hukuklar fonogrammalaryň we wideogrammalarynyň ýerine ýetirilmegi, öndürilmegi, gepleşikleriň guralmagy we tele hem radio ýaýlymlara goýberilmegi bilen baglanyşykly görkezilen hereketleri edýän adamyň emläk hukuklary we emläk däl şahsy hukuklarydyr.
Emläk hukuklary – bu raýat dolanyşygyna gatnaşyjylaryň arasynda emläklere eýelik etmek, olardan peýdalanmak we olara ygtyýar etmek, ýagny emläkleriň ýuridik ykbalyny çözmek babatda ýüze çykýan emläk gatnaşyklardaky şahsy (subýektiw) hukuklarydyr.
Emläk däl şahsy hukuklar – bu adamyň emläk (zat) bilen bagly bolmadyk, at-abraý, mertebe, telekeçiniň iş abraýy ýaly şahsy hukuklarydyr.
Awtoryň emläk däl şahsy hukuklary diýlende, eseri döreden adamyň özüni öz döreden eseriniň awtory hökmünde yglan etmäge we görkezmäge, öz döreden eserini öz ady bilen ýa-da tahallus (edebi lakam, psewdonim) bilen özi ulanmaga we özgelere eserden peýdalanmaga rugsat bermäge, eserini islendik görnüşde köpçülige ýaýratmaga ýa-da ýaýratmaga rugsat bermäge ýa-da eserini köpçülige ýaýratmakdan ýüz döndermäge we ony ýaýratmagy gadagan etmäge, eseriniň we öz awtorlyk at-abraýyny (reputasiýasyny), eseriniň adyny hem mazmunyny islendik görnüşdäki tokunmalardan (täsir etmelerden) goramaga bolan hukuklaryna düşünilýär.
Awtoryň emläk hukuklary diýlende bolsa, eseri döreden adamyň öz eserinden islendik görnüşde peýdalanmaga bolan hukugyna düşünilýär. Ol hukuk, eseriň bir ýa-da köp nusgasyny islendik görnüşde taýýarlamagyň, eseri satmak, kärendesine bermek ýaly islendik görnüşde ýaýratmagyň, eserini ýaýratmak maksady bilen daşary ýurtlara import etmegiň, eserini köpçülikde görkezmegiň, eserini köpçülikde ýerine ýetirmegiň, eserini terjime etmegiň we onuň mazmunyny üýtgetmegiň, eserini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirmegiň erkinliginden ybaratdyr.
Ýurdumyzda adamlaryň döredijilige bolan hukugy, ilkinji nobatda, döwletimiziň Esasy Kanunynynyň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda: „Her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar. Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.” diýen görnüşde berkidilýär.
Şonuň ýaly-da Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugy bilen bagly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalar, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1052-1069-njy maddalarynda bellenilýär.
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1052-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, şu aşakdakylar intellektual işiň netijelerine degişlidir:
1) ylmy, edebiýat we sungat eserleri;
2) kompýuterler üçin programmalar;
3) maglumat binýatlary;
4) ýerine ýetirijilik;
5) fonogrammalar, wideogrammalar;
6) radio ýa-da telewizion gepleşikleriň ýaýlymda ýa-da kabel boýunça göýberilmegi (ýaýlymda ýa-da kabelde alyp eşitdirişiň guralmagy);
7) oýlap tapyjylyk;
8) peýdaly nusgalar;
9) senagat nusgalary;
10) seleksiýanyň gazananlary;
11) integral mikroshemalaryň topologiýasy;
12) önümçilik syrlary (nou-hau);
13) intellektual işiň Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlardaky başga netijeleri.
Ýurdumyzda adamlaryň awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen esasy kadalaşdyryjy hukuk namalaryň biri-de, 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul edilen “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr.
Bu Kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda öz eseri babatda awtora şu aşakdaky şahsy emläk däl hukuklary degişlidir:
— eger bu iş ýüzünde mümkin bolsa, eseriň awtory diýip ykrar etdirmek we şeýle ykrar etmegi talap etmek, şol sanda eseriň nusgalyklarynda göwnejaý ýagdaýda ýa-da onuň islendik köpçülikleýin peýdalanylanda awtoryň adyny görkezmek arkaly şeýle ykrar etmegi talap etmek hukugy (awtorlyk hukugy);
— eseriň nusgalyklarynda ýa-da ol islendik jemagat peýdalanylanda awtoryň hakyky adynyň ýerine onuň oýlap tapan adyny (lakamyny) görkezmek ýa-da görkezmegi talap etmek ýa-da adyny görkezmekden boýun gaçyrmak (atsyz) (ada bolan hukuk) hukugy;
— yzyna almak hukugyny goşup, islendik görnüşde eseri halka ýetirmek ýa-da halka ýetirmäge rugsat bermek hukugy (halka ýetirmäge bolan hukuk);
— eseriň adyny goşup, eseri islendik ýoýulmadan ýa-da başga hili kast etmelerden ýa-da awtoryň namysyna we mertebesine zyýan ýetirmäge ukyply başga hili kast etmelerden goramaga bolan hukuk (awtoryň abraýyny goramaga bolan hukuk).
Şahsy emläk däl hukuklar onuň emläk hukuklaryna garamazdan awtora degişlidir we hatda eseri peýdalanmakda bolan aýratyn hukuklar berlenden soň hem olarda saklanyp galýar.
Gulluk tabşyrygyny ýerine ýetirmek tertibinde döredilen esere bolan şahsy emläk däl hukuklar gulluk eseriniň awtoryna degişlidir.
Bu Kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda awtora ýa-da esere bolan awtorlyk hukuklarynyň başga eýelik edijisine islendik görnüşde ýa-da islendik usul bilen eseri döretmäge bolan aýratyn hukuklar degişlidir.
Eseri peýdalanmaga bolan aýratyn hukuklar şu aşakdakylary amala aşyrmak, rugsat bermek ýa-da gadagan etmek hukugyny aňladýar:
— eseri göni ýa-da gytaklaýyn gaýtadan döretmek (gaýtadan döretmäge bolan hukuk);
— eýeçilik hukugyny satmak ýa-da başga hili bermek arkaly eseriň asyl nusgasyny ýa-da nusgalyklaryny ýaýratmak (ýaýratmaga bolan hukuk);
— eseriň asyl nusgasyny ýa-da nusgalyklaryny prokata bermek (prokata bolan hukuk);
— aýratyn awtorlyk hukugyna eýelik edijiniň rugsady bilen taýýarlanan nusgalyklary goşup, ýaýratmak maksady bilen eserleriň nusgalyklarynyň importy (importa bolan hukuk);
— eseriň jemagat görkezilişi (jemagat görkezilişine bolan hukuk);
— eseriň jemagat ýerine ýetirilmegi (jemagat ýerine ýetirilmegine bolan hukuk);
— ýaýlyma bermek we (ýa-da) soňra ýaýlyma bermek arkaly hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin eseri habar bermek (ýaýlyma bermäge hukuk);
— hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin eseri kabel, simler boýunça ýa-da birinji we (ýa-da) soňra habar bermegi goşup beýleki meňzeş serişdeleriň kömegi bilen habar bermek (kabel boýunça habar bermäge bolan hukuk);
— interaktiw peýdalanmak üçin hemmeleriň dykgatyna ýetirmäge çenli eseri ýetirmek (hemmeleriň dykgatyna ýetirmäge bolan hukuk);
— eseri terjime etmek (terjimä bolan hukuk);
— eseri üýtgetmäge, aranžirowka etmäge ýa-da başga hili gaýtadan işlemäge (gaýtadan işlemäge bolan hukuk).
Dizaýnerlik, binagärlik, şäher gurluşyk we bagçylyk-seýilgäh taslamalaryny peýdalanmak üçin awtoryň aýratyn hukuklary şeýle taslamalara gatnaşmaga we iş ýüzünde durmuşa geçirmäge bolan hukugy hem öz içine alýar.
Awtor eseriň her bir görnüşiniň peýdalanylmagy üçin awtorlyk tölege bolan hukuga eýedir (tölege bolan hukuk). Awtorlyk tölegini hasaplap goşmagyň möçberi we tertibi awtorlyk şertnamasynda, şeýle hem peýdalanyjylar bilen köpçülikleýin esasda awtorlaryň emläk hukuklaryny dolandyrýan guramalar bilen baglaşylýan şertnamalarda bellenilýär. Şunda tölegiň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan awtorlyk töleginiň iň az stawkalaryndan pes bolup bilmez.
Eger hukuk taýdan dogry çap edilen eseriň ähli nusgalyklary Türkmenistanyň çägine kanuny ýol bilen raýat dolanyşygyna girizilse (olary satmak ýa-da eýeçilik hukugynyň başga geçmegi arkaly), şu Kanunyň 17-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlardan başga awtoryň razylygy bolmazdan we awtorlyk tölegi tölenmezden olaryň mundan beýläk ýaýradylmagyna ýol berilýär.
Eseri karzyna (we jemagat prokatyna) bermek arkaly asyl nusgany ýa-da nusgalyklary ýaýratmaga bolan hukuk bu nusgalyklara eýeçilik hukugyna garamazdan aşakdakylara awtorlyk awtora ýa-da awtorlyk hukugynyň başga eýelik edijisine degişlidir:
1) audiowizual esere;
2) kompýuter programmasyna;
3) maglumatlar binýadyna;
4) fonogrammada ýa-da wideogrammada bellenen esere;
5) nota ýazgysy görnüşinde saz eserine;
Şu Kanunyň 16-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen awtorlyk hukuklary babatda çäklendirmeler şeýle çäklendirmeler eseriň kadaly peýdalanylmagyna zyýan ýetirmese we awtoryň kanuny bähbitlerini esassyz kemsitmese, şu Kanunyň 18-22-nji maddalary bilen bellenilýär.
“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, awtorlyk hukugy awtoryň bütin ömrüniň dowamynda we şu maddada göz öňünde tutulan halatlardan başga ol aradan çykandan soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.
Awtorlyk hukugy, ada bolan hukuk ýa-da awtoryň abraýyny goramaga bolan hukuk möhletsiz goralýar.
Atsyz ýa-da lakamly halka ýetirilen esere bolan awtorlyk hukugy onuň kanuny taýdan halka ýetirilen senesinden soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.
Eger görkezilen möhletiň içinde atsyz ýa-da lakamly çykarylan eseriň awtory öz şahsyýetini açsa ýa-da onuň şahsyýeti mundan beýläk şübhe döretmese, onda şu maddanyň birinji bölegi ulanylýar.
Şärikli awtorlykda (awtordaşlykda) döredilen esere awtorlyk hukugy bütin ömrüň we awtordaşlaryň iň ahyrynda ölen awtordan soň elli ýylyň dowamynda hereket edýär.
Awtor aradan çykandan soň ilkinji gezek köpçülige çykarylan esere bolan awtorlyk hukugy ol çykarylandan soň 50 ýylyň içinde hereket edýär.
Şu Kanunyň 23-nji maddasynda göz öňünde tutulan möhletleri hasaplamak möhletiň dowamyny başlamak üçin esas bolup durýan hukuk faktynyň bolan ýylyndan soň gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýar.
Türkmenistanda raýatlaryň awtorlyk hukuklary kanun esasynda goralýar. Awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy bolsa hereket edýän kanunçylykda bellenen jogapkärçilikleriň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Hukugyň nazaryýetinden belli bolşy ýaly, awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň bozulmagy bilen baglylykda ýüze çykýan hukuk (ýuridiki) jogapkärçiliginiň esasy görnüşleri şular bolup durýar:
1. Raýat-hukuk jogapkärçiligi;
2. Administratiw-hukuk jogapkärçiligi;
3. Jenaýat-hukuk jogapkärçiligi.
Mysal üçin: Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 342-nji maddasyna laýyklykda, awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň, şonuň ýaly-da awtorlygyň eýelenmegi, patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, senagat nusgalarynyň, seleksiýanyň gazananlarynyň bikanun peýdalanylmagy, eger bu uly möçberde ýitgi çekilmegine getiren bolsa – binýatlyk mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.
Mysal üçin: Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 153-nji maddasyna laýyklykda, awtorlygyň eýelenilmegi, awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň, şeýle hem patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, peýdaly modeliň ýa-da senagat nusgasynyň bikanun peýdalanylmagy, eger olar:
a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji maddasyna laýyklykda, awtorlyk we gatyşyk hukuklary bozmak bilen taýýarlanan ýa-da ýaýradylýan eserleriň we gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň nusgalary kontrafakt bolup durýar.
“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijiler düzgün bozujydan şu aşakdakylary talap etmäge haklydyrlar, hususan-da:
1) bu hukuklaryň ykrar edilmegini;
2) hukuk bozulmazdan öň bar bolan ýagdaýyň dikeldilmegini;
3) hukuklary bozýan ýa-da olaryň bozulmagyna howp döredýän hereketleriň bes edilmegini;
4) alynmadyk peýdany goşmak bilen ýitgileriň öweziniň dolunmagyny;
5) ýitgileriň öwezini dolmagyň deregine awtorlyk we gatyşyk hukuklary bozmagynyň netijesinde düzgün bozujy tarapyndan alnan girdejiniň tutulyp alynmagyny;
6) ýitgileriň öwezini dolmagyň we girdejini tutup almagyň deregine kazyýet tarapyndan kesgitlenýän möçberde öwez pulunyň tölenilmegini;
7) awtorlyk we gatyşyk hukuklary goramak bilen baglanyşykly kanunçylykda göz öňünde tutulan namalar bilen çäreleriň kabul edilmegini.
Şu maddanyň şu böleginiň 4-nji, 5-nji, 6-njy bentlerinde görkezilen çäreler awtorlyk hukugyna we gatyşyk hukuklara eýelik edijiniň saýlamagy boýunça ulanylýar.
Awtorlyk we gatyşyk hukuklara eýelik edijiler, şeýle hem olara wekilçilik edýän köpçülikleýin esasda emläk hukuklary bilen dolandyrylýan guramalar öz hukugynyň goragy üçin bellenilen tertipde kazyýete ýa-da başga edaralara olaryň ygtyýarlygyna laýyklykda ýüz tutmaga haklydyrlar.
Kazyýet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kontrafakt nusgalyklaryny, şeýle hem olary taýýarlamak we gaýtadan döretmek üçin peýdalanylýan materiallary we enjamlary muzdsuz almak hakynda karar çykaryp biler.
Muzdsuz alnan kontrafakt nusgalyklary ýok edilmäge degişlidir ýa-da awtorlyk hukugyna we gatyşyk hukuklara eýelik edijä onuň talap etmegi boýunça berlip bilner.
Muzdsuz almalar üçünji şahslar tarapyndan päk ýürekli edinilen eseriň, fonogrammanyň ýa-da wideogrammanyň kontrafakt nusgalyklaryna degişli däldir.
Awtorlyk we gatyşyk hukuklaryň goraglylygynyň kepillendirmesi halkara hukugynda:
20.03.1883 ýylda kabul edilen, 14.07.1967 ýylda gaýtadan seredilen we 02.10.1979 ýylda düzedilen, Senagat eýeçiligini goramak hakynda Pariž Konwensiýasy;
14.07.1967 ýylda kabul edilen we 02.10.1979 ýylda üýtgedilen, Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasyny döredýän Stokgolm Konwensiýasy;
19.06.1970 ýyldaky Patent kooperasiýasy hakynda Şertnama;
24.07.1971 ýylda kabul edilen Edebiýat we sungat eserleriniň goragy hakynda Bern Konwensiýasy, ýaly halkara hukuk namalarynda berkidilýär.
Türkmenistanda bolsa bu çygyrdaky gatnaşyklar:
Türkmenistanyň Konstitusiýasy;
Türkmenistanyň Raýat kodeksi;
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi;
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi;
“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bütewi Kanuny;
“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Kinematografiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Rasionalizatorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Haryt nyşanlary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny;
“Firma atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen düzgünleşdirilýär.
Bu maglumatda salgylanylan we ady agzalan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynyň (https://minjust.gov.tm/) Hukuk maglumatlary bölüminden okap we göçürip alyp bolýar. Hukuk maslahathanasy