|

Hadyslar

Hadyslar HADYSLAR

Bu nähili hezil, ýaradan Jepbar,
Bir salym oturmak öz eneñ bilen.
«O ýerden gelen ýok» diýen bir gep bar,
Bu nädogry. Ene — jennetden gelen.

* * *

Bir Alladan başga başyñyz egmäñ,
Bu mukaddes däpdir öñden-ahyra.
Hak dogasyn alan dört kişä degmäñ,
Alyma, Lukmana, Pire, Şahyra.

* * *

Isleseñ sen at-abraýy, ýol-ýoda,
Namazlyk saýyp bas basan ýeriñi.
Edep altyn ymaratdan zyýada —
Ol nurdan äberer islegleriñi.

* * *

Öýdäki metjitler ata diýeniñ,
Sygynyp, üýşenip açgyn işigin.
Ismi haka ýeter ata söýeniñ
Iki dünýä tapar ondan gelşigin.

* * *

Kim oturyp, kimler turar gaşyndan,
Bildiribem durmaz artyp-kemelip.
Dostuñ çekilmesin saçak başyndan,
Çemçe-tabak ýaly döwlüp-könelip.

* * *

Boş golçadan dänme, dolusyn isläp,
Özüñçe bol-borsuñ köplere tälim:
Seniñ sabyr bilen boşuñy besläp,
Kanagatly ýörşüñ bolanda mälim.

* * *

El galdyryp göge dikmegin gözi,
Ýeriñ derdin özüñ ýeñlet, özüñ çek.
Kalbyñda ýok bolsa Allanyñ özi,
Alaç ýokdur dadyñ oña ýetirjek.

* * *

Hemmämizem bir Hudaýyñ perzendi,
Berjaý etmeli biz Onuñ erkini.
Hudaýyñ islegi — her şäher-kendi,
Söýgä badap, bagtly etmek her kimi.

Kakabaý YLÝASOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle