Ah çekip…
Ah çekip…
Üç ýaşymdan kakamdan
Jyda düşdüm, ah çekip.
Aýralygyñ oduna
Ýanyp-bişdim, ah çekip.
Köremegiñ deregne
Birden öçdüm, ah çekip.
Ýaýnamagyñ deregne
Haldan gaçdym, ah çekip.
Oýnamagyñ deregne
Gahar seçdim, ah çekip.
Öz ýanymdan faşistiñ
Donun biçdim, ah çekip.
Doýa garyn doýanok,
Ýaşaýarys zar bolup,
Zar bolsak-da, ynanýas:
Ýaşamarys har bolup.
Şol gün geler, gargyşlar
Ýakar barar gor bolup,
Öñde-soñda ýeñeris,
Ýeñeris biz zor bolup,
Kakam janyñ ömüri,
Baky ýaşdyñ, ah çekip,
Ejem janym, esgerñe
Goşgy goşduñ, ah çekip.
Birden kakam ýadymda,
Bir görsemem, ýatda ýok,
Şo-ol gidişi-gidişi,
Habar-da ýok, hat-da ýok,
Şatylama gyş düşdi,
Çöregmiz ýok, ot-da ýok,
Bagra kuwwat berere
Kuwwat diýseñ ötde ýok,
Süýt içmegiñ deregne
Zäher içdim, ah çekip,
Agyr ýyllañ gapysyn
Depip açdym, ah çekip.
Ýeñiş bize ýar boldy,
Gyrmyz baýdak parlady,
Gana suwsan duşmanmyz
Gara ýeri sermedi,
Adyl höküm öñünde
Ganojaklar derledi,
Gelenler bar, gelmedik
Gaýdyp gara bermedi,
Mähribanym — Soldatym,
Baky uçduñ, ah çekip,
Bilmedim men, nirede
Ýeri guçduñ ah çekip…
Saparmyrat ÖWEZBERDIÝEW. Goşgular