|

Seniñ eliñde

Seniñ eliñde SENIÑ ELIÑDE

Kä kişä seredip diýjek gönimi,
Biperwaýlyk gözelligiñ ganymy.
Dogrusy, bar oñadynam duýmaýan,
Tapylyp dur owadanam duýmaýan.
Gözellik başlanýar eýsem nämeden?
Biler dünýä paýhas bilen äñeden.

Gül gözeldir hemem örän näzikdir,
Müşk saçar, ol säheljigem ýazyksyz.
Depelemek, kesek atmak ejize
Mahsus zatdyr diñe tentek-nejise.
Mydam gözelligi goramak gerek,
Goşandyñ özünden soramak gerek.

Güsür-güsür edip göterler sülgün,
Göwnüñ galkar, geými al-ýaşul, gülgün.
Ol jeññeligiñ gözelligi — bezegi.
Sülgüne ok atmak bolmaýar, bilgin.

Ýazda ýaşyl düze seýle çykarsyñ,
Çölde oýa düşüp, beýge çykarsyñ.
Gözüñ doýmaz, süri keýge bakarsyñ,
Tüp yssyda salkyn suwa bökersiñ.
Kölde, gamyşlykda görersiñ leglek,
Bolmaýar ürküzmek, bolmaýar degmek.
Bulañ bary gözel, çykma kastyna,
Düşmesin gözellik aýak astyna.

Seljermeli sogabyñam — günäñem,
Etmişiñem, guran gözel binañam.
Señki ahyr hala salan nagşyñam,
Synlaýam göz señki günüñ dogşunam.
Gözellik seniñki, seniñ eliñde,
Başlanýar ol öz öýüñden, peliñden.

Maral GÜÝJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle