|

Bar bolan zat

Bar bolan zat BAR BOLAN ZAT

Bar bolan zat

Bardy-geldi aýra düşse ykballar,
Şo zaman kyýamat gopar öýderdim.
Sen-ä atsyz-sorsuz asmana uçup,
Meni-de gara ýer hopar öýderdim.

Emma seretsene, hiç zat bolmady,
Günler dogdy-ýaşdy öňkisi ýaly.
Hemişeki ýaly ýagyşlar ýagyp,
Guşlar hem saýraşdy öňküsi ýaly.

Öňküsi dek akyp ýatyr derýalar,
Daglar dymyp otyr – seri hyýally.
Bar zat öňki: hiç zat bolmadyk deýin,
Sen-ä – ärli boldyň,
Menem – aýally.

Durmuş dowam edýär öňküsi ýaly,
Pasyllaň yzyndan çalşyp dur pasyl.
Sen söýüş, durmuş gur ýa-da aýra düş,
Ol öňa äwjegem bolanok asyl.

Bar zat öňki: kem zadym ýok durmuşda,
Elbetde, seniňem kem zadyň ýokdur.
Sebäp bize gundagdaky çagajyk
Biri-birimizden eziziräkdir.

Bar zat öňki,
Bir bolan zat
o günler
Herimize goýupdyr öz tagmasyn:
Dökülipdir seň sypalan saçlaryň,
Meň öpen ýerlerme düşüpdir gasyn. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle