Garaş maña
Garaş maña
Garaş maňa, men gelerin.
Ýöne sen garaş!
Çalsa-da gamly heňlerin
Sarymtyl ýagyş.
Garaş gyşda gar ýaganda,
Yssy tomusda.
Garaş, özge şeýtmän, gaýta
baryn unutsa.
Garaşgyn, alysdan hatlar gelmeseler-de.
Bile garaşýanlaň şeýdip bilmeseler-de.
Garaş maňa, men gelerin.
Ýüz berme, gülüp,
Ynandyrjak bolýanlara
«Gelmez ol» diýip.
Goý, ynansyn enem, oglum,
Tama üzsünler.
Garaşyp ýadasa dostlam,
Şerap süzsünler.
Ot başynda otursynlar,
Dostlugyn haklap.
Emma sen garaş, gyssanma,
Beýtmekden saklan!
Garaş maňa, men gelerin.
Ölümden bidin.
Garaşmadyklar
diýsinler: «Çöregi bitin».
Ah, olar asla düşünmez,
Ot-ýalynlardan
Halas edeniňi meni
Garaşmak bilen.
Nädip diri galanymy,
Biz bilsek — ýetik!
Sebäp sen garaşyp bildiň
Hemmeden beter.
Konstantin SIMONOW.
Terjime eden: Güller ATAÝEWA. Goşgular