«Söýseñ ýürekden söý…»
"Söýseñ ýürekden söý…"
Söýseñ ýürekden söý, ýöne haýyşym,
Meni özgelerden gabanma, dünýäm!
Bolmaz ahyr, sähel zada käýişip,
Meni özgelerden gabanma, dünýäm!
Bu döwran sen barkañ beýik hem mähnet,
Ýöne iñ mähnet zat töhmetdir, töhmet.
Geçendir-dä indi tanarça möhlet
Meni özgelerden gabanma, dünýäm!
Gaharly çeneme kirpigiñ-niliñ,
Nika ýüzügimdir señ inçe biliñ,
Saña bolan söýgim gözümden mälim —
Meni özgelerden gabanma, dünýäm!
* * *
Diýip biler,
Duýup biler şu zady
Bu ýazlara içgin-içgin bakanlar:
Söýülýän günlerniñ gysgalygyna —
Aglap, ýer siñermişin baharlar.
Akmyrat MUHADOW. Goşgular