|

Maña kömek et

Maña kömek et MAÑA KÖMEK ET

Täzeden doguldym. Ýeriñ ýüzüni
Täzeden göreýin. Mümkinmi görmek?
Adamlary, tebigaty hem sözi
Tanamaga maña kömek et, kömek.

Her göwne, buluda, daşa, jeññele;
Bu gün maña esetmäge kömek et.
Rowaýatdan gelýär bir ses-zenzele,
Maña ony eşitmäge kömek et.

Anyway ylham goş, ylham goş hökman,
Bu durmuşyñ gözbaşyny duýaýyn.
Akmaýanyñ süýdi hem ähli ykbal
Nämeden ybarat, bilip goýaýyn.

Ganyñ syrlaryny, «gudratly» sanyñ
Manysyny añşyrmaga kömek et.
Düşündir, sözünde her bir ynsanyñ
Nädip beýik işler gurýarlar ketek?

Dörediñ dünýäniñ sen nämesinden?
Nirelere aýak basdyñ sen ilki?
Uçup barýan durnalaryñ sesinden
Enaýy sesinden döränsiñ, belki.

Geçeýin bu belent depelerden men,
Böwetleri böwsüp, gel maña ýol et.
Şol nurana otly gözleriñ bilen
Şübhe tümlügini ýagtylt-da ýok et.

Pawel BOSU.

Rusçadan terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle