Ýazmasy has agyr düşen goşgy «Ýene-de ene hakynda»
Ýazmasy has agyr düşen goşgy "Ýene-de ene hakynda"
Ak süýt beren ene gadyrdan gaçýar
Diýdiler… Sadagaň bolaýyn, ene!
Sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
Ýüz birinji gezek ýazaýyn ýene.
Ýene-de
galamy almaga ele
Mejbur etdi meni bir elhenç gürrüň.
Diýdiler: «Üç ogul, üç gyzly ene
Bir ýerlerde haram ölüpdir şu gün…»
Bu waka bolupdyr uzak bir ýerde.
Ýöne parhy näme, ýakynmy-uzak –
Perzentleň enäni terk edendigi,
Enäň bolsa
haram ölenligi hak.
Men muny ýazmadym belli bir ýerde –
Ýazdym dürli ýerde… bölekme — bölek:
Öýde, ýolda, düýşde, mazarystanda…
Indi bolsa
başyn jemlemek gerek.
Alty sany çaga dem beren ýürek
Görmändir olardan bir demlik wepa.
On aýlap ýatypdyr keselhanada –
Kä penjirä bakyp,
Käte-de gapa.
On aýda üç gezek
Görnüpdir üç gyz…
«Erkek göbekliden» gelmändir hiç kim.
Aýaga galypdyr… Äkitmändirler…
«Ýygnaň!» diýip, suddan gelipdir höküm.
Bir gyzy ýygnapdyr.
Ol hem äkidip
Oglunyň işigne geçipdir taşlap.
Ne ene etaža çykyp bilipdir,
Ne ogul ýokardan düşüpdir aşak.
Şol ýerde sowukdan gatapdyr ene…
(Niçiksi derejä
düşdüň sen, ahlak?!)
…Bu waka nämahal, nirede boldy? –
Diýip, maňa sorag berýärsiň ýene.
Nirede, nämahal – näme parhy bar,
Ene hemme ýerde
Dälmidir Ene?
Ene – ynsanýetiň tutuş Geljegi
Hem Şu güni, hemem ähli Geçeni.
Depäňden müň bela inermiş agşam,
Irden
birje agladaýsaň ejeňi!
Terjime edipdim Resul şahyry.
…Matam büräninde daglaň içini,
Meşhur ata soňky demde aýdypdyr:
«Resul oglum, agyrtmagyn ejeňi!»
Meşhur bolmasa-da meniňem atam,
Goşgy ýazman çalartsa-da saçyny,
Şol sözdi onuň hem
iň soňky sözi:
«Ýalňyz köşek, agyrtmagyn ejeňi!»
Soň soňlaram
baryp mazarystana,
Bagrym oýkap, gowzadamda içimi,
Ses çykýan ýalydy köne mazardan:
«Agyrtmagyn, agyrtmagyn ejeňi!…»
Ýowuz günde aýlanypdyk bileje
Atgyrany, Gaňňalyny, Tejeni…
Belki
özüm duýman agyrdandyryn,
Ýöne
duýup agyrtmandym ejemi.
Elimden gidende ilkinji Söýgim,
Gürrüň berenimde başdan geçeni,
Enem bir aglapdy.
Diňe men şonda
Birje gezek agladypdym ejemi.
Şondan başga bilip agyrdan bolsam,
Ýa agardan bolsam birje saçyny,
Olam meň günämi ötmedik bolsa –
Gaýdyp beriň! Razy etjek ejemi!
Ýok, ýok, ol: «Müň kerem razy!» diýipdi.
Soňam gitdi… boşap galdy içeri…
Indi özüm
wesýet edýän ogluma:
«Agyrtmagyn, aglatmagyn ejeňi!»
Bu wesýet
wesýetden
wesýede geçip,
Gowşup bütin dünýäň ogullaryna,
Agtyklaň dilinden çowluga ýetip,
Siňsin ýuwluklaryň bagyrlaryna.
Hawa, üç ogully, üç gyzly ene,
Göwsünde bitirip alty ýapragy,
Olary saraltman,
özi saraldy,
Şu gün hem girmeli ene topraga.
…Bu waka nämahal, nirede boldy?» –
Diýip, maňa sorag berýärsiň ýene.
Daşdamy, ýakynda – näme parhy bar:
Ene hemme ýerde
Dälmidir Ene?
Kaspi kenarymy, Wolga ýakasy,
Murgap jülgesimi – ýokdur tapawut.
…Alty balasyna uzak ýaş diläp,
Gabrystana barýar eneli tabyt.
Tabydy özgeler göterip barýar.
Diňe
burny çapyk ortanjy ogul
Bir minut göterdi… Ony hem derrew
«Götermekçi bolsaň täzeden dogul!»
Diýýen dek
bir goja yzyna itdi…
Tabyt dowam etdi ýoluny ýene.
…Alty köşegine uzak ýaş diläp,
Soňky öýne barýar ak saçly ene.
Biz nälet okaýas, ol ýaş dileýär.
Bir ýol bilen barýar iki kontrast.
Oýlandym, ölçerdim, çykmady başym:
Köpüňki rastmy, enäňki rast?
Enäni baýdak dek göterip barýas.
Näçe belentlige galdyrdygmyzça –
Göýä daşlaşýan dek balalaryndan,
Agram atyp,
ýere çökýärdi şonça.
Tabydyň yzynda ýüzlerçe kelle
Göýä
akyp barýan gara derýady.
Ene bolsa
şol kelleleň üstünden
Balalarna ömür diläp barýardy.
Ol ömür dileýär,
Biz nalyş edýäs.
Biziň düşünjämiz ters gelýär enä.
Ýeri, aýt,
perzentler bigünä bolsa –
Onda kimiň günäsikä bu günä?
Belki
hol barýanyň günäsidir ol.
Ol ene hakynda damagyn ýyrtyp
Goşgular okaýar. Enesi bolsa
Gedaý gezip öldi,
Galoşy ýyrtyk.
Belki
hemmämiziň günämizdir ol.
Megerem, märekäň içinden dartyp,
Özümi süýrekläp çykarmalydyr.
Megerem, mendirin
Hatarda artyk?
Birdenem
märekäň hataryn kertip,
Wazlap geçip gitdi 02 maşyn.
Görnüp gitdi – gara tumşukly adam,
Süýnüp gitdi –
limon reňkli maşyn.
Megerem şol tumşugy ýazgarmalydyr
Ykbalyň
ak tumşuk bermäni üçin
Däl-de,
on ýyl ozal jaýlanan enäň
Mazaryn bir gezek görmäni üçin.
Şol enäň mazaryn
Gördük biz bir gün —
Ortasy çöküpdir… gapdaly hin-hin…
Goňşular düzedip geldiler şu gün
Beýik ogly işden goýmazlyk üçin.
«Aýlanyp ýörmäge mazarlaň için
Wagtym ýok!» diýenmiş çinownik ogul.
…Eý, Ynsap, nähili serhede ýetdiň?
Şeýle nadanlary
Bog ya-da bogul!
Bir başly, ýüz işli,
Müň dertli LENIN
Ene guburyna edip zyýarat,
Hepdede bir gezek
sežde eden bolsa –
INDIKI HAÝYŞYM şundan ybarat:
Şeýle hyýanata
uly jenaýat
Hökmünde seredip Ýokary Sowet,
Jeza kodeksine bir madda goşsa –
Meger ynsan ogly bolmazdy böwet.
Hem-ä
ene Watan dynjyn alardy
Hemem
has döwletli bolardy Döwlet.
…Tabydy göterip barýardy millet
Şäheriň kiçijek köçesi bilen.
Goşulan goşulýar.
Goşulmadyk hem
Hoşlaşyp galýardy ejesi bilen.
Köçäniň ugrunda çal saçly adam
Import pižamaly,
Import köwüşli,
Göýä ýüzi-gözi-de imporda meňzäp,
Märekä bakyp dur dürli röwüşli.
Ýaşyl derwezäniň bäri ýüzünden
Güjeňläp haýbatly derejesini,
Tüweleme, tüf-tüf
bir garny bilen
Bekläp dur şäheriň bir köçesini.
Özi bolsa mundan ýedi ýyl ozal
Berip ýorganlaryň könejesini,
«Ýer ýok!» diýip, on otagly jaýyndan
Ketege göçürdi öz ejesini.
Şondan bäri onuň habary bardy
Ne-hä şol ketekden, ne ejesinden.
Ýygnan puly bolsa (harammy, halal!)
Agypdy
amanat depderçesinden…
Megerem şolardyr (ýagny bizdiris)
Adamkärçiligiň serhedin pozup,
Nebis küşdün oýnap,
kellämiz gyzyp,
Kasparowdan ozup,
Karpowy pyzyp,
Ynsaby basgylap, wyždany çyzyp,
Ogul-gyza nusga bolmaga derek
Olaň bozulmadyk ahlagyn bozup,
Ne-hä enemiziň ahwalyn sorap,
Ne-de ikibarmak «Essalam!» ýazyp –
Hawa, hut bizdiris
(diňe bizdiris!)
Hasrat getirýänler müňlerçe enä.
Biz ILKINJI NUSGA. Perzentler bolsa
Kopirkadan geçen IKINJI NUSGA –
IKINJI GÜNÄ.
Megerem şeýledir.
Şonuň üçindir
Alty balasynyň ötüp günäsin,
Müňleriň günäsin ötmeýänligi…
(Şübhelenme parasatly enä sen!)
Megerem şeýledir.
Uşak günäden
Halas däl bolsa-da bu juwan nesil –
Senden gören zadyn öwrendi çaga:
ÖWREDEN ZADYŇA jogapkär sensiň.
Atadan hannaslyk öwrenen ogul,
Bolup atadan-da beterräk hannas,
Enesin ketege göçürer ertir.
(Özüňem ketekden bolmarsyň halas.)
Hawa, bu şeýledir.
Belanyň körügi
Bizdedir… Çagany näletleme, bes.
Günämiziň ASYL NUSGASY hakda
Oýlanaryn diýseň Enä gulak as.
Ýazypdym nesilleň günäsi hakda.
Özümiz ýadymdan çykan eken tas.
Biahlak ululaň günäsi hakda
Oýlanaryn diýseň, Enä gulak as.
..Enä gulak asdym.
Şu goşgyny hem
Men däl-de, eneleň paýhasy goşdy.
Şeýdibem döredi ene pähminden
ÝAZMASY KYN DÜŞEN ýene bir goşgy.
Kerim GURBANNEPESOW. Goşgular