|

Ýarygije oýlanmasy

Ýarygije oýlanmasy ÝARYGIJE OÝLANMASY…

Ýatyr ähli janly-jandar,
Puldar, maldar hem galandar,
Ýalan ýatyr, ýagşy ýatyr,
Alym, zalym, bagşy ýatyr.
Ýar gaşynda sürme ýatyr,
Dowzah kibi türme ýatyr.
Togsan ýaşly mama ýatyr, —
Ezraýyldan nama ýatyr.
Ýatagynda sygyr ýatyr.
Nämüçindir bir ýyl bäri,
Soňlanmadyk şygyr ýatyr…

• ÝAŞAP ÝÖRÜN…

Aşna bolmasam-da ogrular bilen,
Oturmaly bolýar saçak başynda.
Golaý diýip ýörenimiň gözünde,
Görýän ýalan, gülki göwün hoşunda.

Darkaş gurýar munda haýyr bilen şer,
«Haýyr gaflatdamy?“ diýdirýär, meger.

Şeýdip ýaşap ýörün ýeriň ýüzünde,
Barybir, aldaw bar gardaş gözünde… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle