| | | | |

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Sureýýa Aýlin Antmen

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Sureýýa Aýlin Antmen ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY — SUREÝÝA AÝLIN ANTMEN

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Sureýýa Aýlin Antmen

Sureýýa Aýlin Antmen, 1981-nji ýylda Stambul şäherinde doglan, häzirki döwrüň meşhur türk şahyra-hanymlarynyň biridir. Sureýýa hanym şygyr ýazmakdan başga-da esseler, hekaýalar ýazýar, metbugatda işleýär. Ol ilkinji goşgusyny 13 ýaşyndaka ýazypdyr. Sureýýa hanymyň özüniň söhbetdeşlikleriň birinde aýtmagyna görä: “ilkinji goşgusynyň ýazylmagynyň we okyjylara ýetmeginiň arasynda on ýyl bar”.
Orta bilimi alandan soňra Sureýýa hanym Anadoly uniwersitetinde sosiologiýany (jemgyýeti öwreniş ylmy) hem-de filosofiýany öwrenipdir. Talyplyk ýyllarynda-da ol ilkinji goşgularydyr-hekaýalaryny neşir etdirmäge başlaýar. Sureýýa hanymyň birinji şygry 2004-nji ýylda Patikanyň şygryýete syn böleginde çap edilýär. Soňra onuň şygyrlary we makalalary iir Ülkesi, Damar, Öteki-siz, NO Edebiyat, Varlık, Cumhuriyet Kitap, Papirüs Güncel, Yeni E и Özgür Edebiyat ýaly dürli neşirlerde çap edilýär.
Onuň “Sonsuzluğa Kiracı” atly ýygyndysy 2008-nji ýylda “Yaşar Nabi Nayır Youth Awards” atly ýaşlar baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde “örän gowy” diýlip ykrar edilýär.
Häzirki wagta çenli Sureýýa hanymyň goşgulary öz ene dilinden başga, iňlis, zaza, urdu, kürt, fransuz dillerine terjime edilipdir.
Sureýýa Aýlin Antmeniň çap edilen kitaplary şulardyr:
1. Ebedilik ýaşaýjysy (“Sonsuzluğa Kiracı”) – 2011, 2016;
2. Geceyle Bir – 2016;
3. Ateş Sözcükleri – 2018.

Kitapcy.com saýtynyň işjeň agzalarynyň biri @mangoň terjime etmeginde Sureýýa hanymyň goşgularynyň biri:

Degme, gynansyn

Gizlidir, dilimi-aňymy ga:ban ýüregiň
Ýaprak sepelener, gül açylar, ýiteler tiken
Ganatpisint ýeňilligi duýulmaz ýene
Köreýän sessiz diriligme gynansyn, degme
Ümsüm saýma, guwlaryň hatar-hatar geçişin
Hem dilsiz-agyzsyz däldir söýgi, näbellidir ugry
gyzdyrylyp atylan oklaryň

Bakýarsyň, teslim bolan gözler bilen
Lal-jimlik däl, özüňe sünjen okuň

Häzir, ýüregiň soňsuz sagadynda, şu wagt
çydamak kyn, guşlaryň gidişine biwagt
Çydamak kyn, bar bolsa aýdylman galan söz
Degme gynansyn, gynandykça özüňsiň egsilen, toplanan
Özüňsiň dymyp aýdanlaryňam

Sessizlik däl ýoluň soňundaky arzuw
Hiç bir goş aýrylmandyr, azalmandyr bu öýden
Deňiz akymyny getirýär, suw joşmasyny
Köpügini getirýär içini kesen kenar
Seniň ýoksul kenaryňa görünmek üçin
Täk bir isleg bilen

Sureýýa Aýlin Antmeniň “Ateş Sözcükleri” atly goşgular ýygyndysyna girizilen şygyrlaryň biriniň asyl nusgasy:

Bırak acısın

Saklıdır ağzı zihni kuşatan yüreğin
Onca yaprak serpilir gül açılır diken sivrilir
Duyulmaz yine de kanatsı hafifliği
Kor suskunluğu taşıyan dirimi acısın bırak
Dilsizlik değil kuğuların geçişi birbiri ardına
Ve sözcüksüz değildir sevgi, yönü yoktur
Akkor oklarının
Bakıyorsun, teslim olmuş gözlerle
Dilsizlik değil kendine sapladığın ok
Şu an, bitimsiz saati yüreğinin, şu gün
Dayanmak güç kuşların gidişine zamansız
Dayanmak güç kaldıysa henüz söylenmeyen
Acısın bırak, acıdıkça kendinsin, azalan, biriken
Susarken söylediklerinsin
Dilsizlik değil yolun sonundaki arzu
Hiçbir şey taşınmamış, azalmamış bu evden
Deniz akıntısını getiriyor, su taşkınını
Köpüğünü getiriyor içini kesen kıyı
Senin yoksun kıyılarına soyunuyorlar
Tek bir istençle

Makalaň alnan çeşmesi: https://datewiki.ru/wiki/Süreyya_Aylin_Antmen. 16.10.2021ý. Şygryýet melekleri

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle