|

Şahyrana başlangyç

Şahyrana başlangyç

ŞAHYRANA BAŞLANGYÇ

Şatlanyň, eziz adamlar – şahyr doguldy.
Sandyraň, zalym namartlar – şahyr doguldy.
Ýaşyl ýaýla elter ol päk ýürek ynsanlary,
akar çeşmä elter hoşgöwün sadalary.
Äkider olary Ylahy sesiň gelýän ugruna.
Äkider olary Taňrynyň buýran ýerine.
Akmak, näletkerdeler galarlar porsy ýerzeminde,
gowylary halas eder, ýamanlykdan uzak tutar.
Düýpsiz uçuryma taşlar zalym, jellat, ogry we akmaklary.
Şany beýik bolsun şahyryň doglan gününiň.
Aglaň, uwlaň, çyňsaň şagallar,
çünki, etmişiňiz alnyňyza geljek.
Şahyryň doglan güni mübärek bolsun, mübärek bolsun onuň doglan ýurdy.
Şahyr — gözenegiň arkasynda-da erkindir, şahyr — oňa ok tär etmez.
Şahyrdyr özüni sorag edeni soraga çeken.
Şahyrdyr adalatsyz kazylary hasaba çeken.
Şahyrdyr Taňry sesini eşden we eştdiren.
Şahyrdyr şeýtany tanan hem oňa höküm eden.
Bagtyýar ýurtdyr ol, şahyry bolsa!
Bagtyýar şahyrdyr ol, ýurdy bolsa!

Ýan RYBOWIÇ.

Terjime: Mango.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle