|

Kesel hakda goşgy

Kesel hakda goşgy KESEL HAKDA GOŞGY

Janlary tut ýaly sagat kişiler
Ölümiň bardygyn salanok ýada.
Olaryň göwnüne hemmeler gurat
Gülüp-oýnap ýaşap ýörler dünýäde.

Men kän içdim dürli däri-dermany,
Durmuşa-da başgarajyk seredýän.
Dertden halas adam ýok bolsa gerek
Diýip mahal-mahal
Men pikir edýän.

Ejir çekýänleri derrew tanaýan.
Dertden saplamaga ýok ýöne emim.
Skalpeli däl-de, diňe galamy
Tutmaklyga endik edipdir elim.

Meni başga bir zat iňkise goýýar,
Ony-da aç-açan aýtmaga taýyn
Bejerip bolmajak kesele
Adam,
Sezewar etmese ýagşy –
Ynsabyn.

Elden gidip barýan bolmasa ýagşy
Adamlaryň parasady, pähimi.
Gögermedik bolsa ýagşy ýürekde
Men-menligiň, görüpligiň tohumy.

Sagatlygyň ýene-de bir nyşany –
Saýgarmaly halal bilen haramy,
Zamanamyz –
Ten ýarasyn bejerer
Eger ýeňip bilsek ruhy ýarany.

Resul GAMZATOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle