Öñdebaryjy Aziýa! Taliban däl!
Öñdebaryjy Aziýa! Taliban däl!
2021-nji ýylyñ 11-nji iýuly…
Pensioner ilçi Şükrü Elekdagyñ «SÖZCÜ» gazetiniñ žurnalisti Ugur Dündara beren interwýusynda bir jümläni özüme aýratyn belläp goýupdym. Elekdag ABŞ-nyñ ýeñlişini gürrüñ berýän interwýusynda şeýle diýýärdi: «Meñ pikirimçe… ABŞ-nyñ Owganystan gideraýak eden iñ uly ýamanlygy — 2020-nji ýylyñ 29-njy fewralynda Taliban bilen baglaşan ylalaşygy boldy. Şertnamanyñ 3-nji maddasynda şeýle setirler bar:
«Taliban ady bilen tanalýan Owganystan Yslam Emirligi owgan taraplar bilen hijri-kamarynyñ Rejep aýynyñ 15-ne 1441-nji ýyla we hijri-şemsiniñ Hut aýynyñ 20-ne 1398-nji ýyla gabat 2020-nji ýylyñ 10-njy martynda owganara gepleşiklere başlamakçy.»
Ýagny… ABŞ 2020-nji ýylda häkimiýetdäki Aşraf Ganini däl-de, Talibany resmi taýdan ykrar edýändigini yglan etdi! 2020-nji ýylyñ 29-njy fewralyndan bäri Owganystana häkimlik edýän güýjüñ Talibandygyna resmi röwüş çaýdy.
(Tekstiñ doly görnüşini okamak üçin seret:
https://www.state.gov/wp-content/uploads/2020/02/Agreement-For-Bringing-Peace-to-Afghanistan-02.29.20.pdf )
Şu günki gün Kabula ýeke ok atman giren Talibana geñ galýanlara geñ galmazlyk mümkin däl.
Şeýle sowallar döreýär: Türkiýe şu geçen 1.5 ýylyñ içinde Owganystan babatda näme etdi? Nähili taýýarlyk gördi? Bosgunlar babatda haýsy strategiýany kesgitledi?
Dowam edeliñ…
Düýn ýazgymy şu jümleler bilen tamamlapdym:
«2020-nji ýylyñ 29-njy fewralyndaky Doha şertnamasyny okasañyz, imperialist warwarlar bilen MRU-nyñ çöpdüýbi çagasy Taliban warwarynyñ daşyndan göräýmäge gyrlyşyp ýören ýaly bolup görünse-de, bile hereket edendiklerine göz ýetirersiñiz. Hut şonuñ üçinem Talibandan anti imperialist ýasajak bolmak taryhy logika tersdir! Munuñ üstünde ertir giñişleýin durup geçeris…»
• Karargähi Katar bolan lider!
Oktýabr rewolýusiýasynyñ lideri W.I.Lenin ýigriminji ýyllarda şeýle diýipdi: «Ýewropa yzagalak, Aziýa öñdebaryjy…»
Hawa… Imperializm eýýamynda Aziýa öñdebaryjy! Ýöne Taliban däl!
Şu gün Talibanyñ häkimiýete gelmegi «Harlanan halklara ylham bolup bilermi?» ýa-da… Owganystan Yslam Emirligi…
Milleti däl-de, ymmaty öñde tutýan pozisiýa! 1979-njy ýylda SSSR-i daşyndan gabamak üçin döredilen «Ýaşyl guşak» teoriýa-praktikasynyñ önümi. ABŞ-nyñ, Saud Arabystanynyñ, Päkistanyñ «talyplary»… 2001-nji ýyldan soñ amerikan okkupasiýasyna garşy garşylyklaýyn göreşe geçdiler! Emma… ýigrimi ýyl bäri wagtal-wagtal imperial güýçler bilen gizlin ýa-da aç-açan duşuşyk geçirýärler. (2010-njy ýylyñ 28-nji noýabrynda Mýunhende başlan duşuşyklar… 2011-nji ýylyñ 15-nji fewralynda Katarda dowam eden gepleşikler…) Ýadymyza salalyñ: Talibanyñ öñbaşçy liderlerinden we geçen hepde Kabula gelen syýasy ofis şefi Molla Abdulgani Byraderiñ karargägi Kataryñ paýtagty Dohadady. (ABŞ-nyñ Ýakyn Gündogardaky iñ uly harby aerobazasy «Al-Udeýd» Katarda…)
Düýn amerikan imperializmi bilen gol tutuşyp ýöräp, bu gün amerikan imperializmine garşy ýeñiş gazanan Talibanyñ ertir näme etjekdigini hiç kimem bilmeýär! Bir bilýän zadymyz:
Imperializmiñ yzagalaklyk bilen, yzagalaklygyñam imperializm bilen birleşýändigi! Şuny bek ýadymyzda saklalyñ…
Fransuz rewolýusiýasyndan soñ gurlan «ulus-döwletler» arkaly «nasionalizm» häzir halkçylyk bilen birleşip, imperializmden bölünip aýrylma manysyny berýär!
1640-njy ýylyñ iñlis, 1789-njy ýylyñ fransuz buržuaz-demokratik rewolýusiýalary feodalizmiñ soñuna nokat goýdy we milli bazary emele getirdi. Imperializm döwründe milli rewolýusiýalar ezilenleriñ imperializme beren dersiniñ üstünde guruldy. Türk rewolýusiýasy-da şonuñ üçin nasional-halkçy-döwletçi üçaýagyñ üstünde rowaçlyk gazandy.
• MRU bilen geçirilen duşuşyk
Ýazgymyñ soñuna nokat goýjak bolup duranymam şody welin… Imperializmi kowan Taliban bilen baglanyşykly iñ täze maglumat öñüme gelip düşdi! MRU-nyñ (CIA) başlygy William Barnsyñ 23-nji awgustda Owganystanyñ paýtagty Kabulda Talibanyñ esasy liderlerinden Molla Abdulgani Byrader bilen gizlin duşuşyk geçirendigi habar berildi. Adyny mälim etmek islemedik habarçy «Washington Post» gazetine beren habarynda MRU-nyñ başlygy W.Barnsyñ Molla Abdulgani Byrader bilen Kabulda gizlin duşuşyk geçirendigini aýdýar. (Byrader 2020-nji ýylyñ 29-njy fewralynda Doha şertnamasyna Talibanyñ adyndan gol çeken şahsdyr.) Habarda munuñ Kabulyñ eýelenmeginden soñ Taliban bilen Baýdeniñ hökümetiniñ arasynda bolup geçen birinji ýokary derejeli ýüzbe-ýüz duşuşykdygyna ünsi çekilýär. MRU bu barada heniz hiç zat pyşgyrmady. Göreliñ bakaly… küşt tagtasynda ýene nähili hemleler bolarka?
Aytunç ERKİN.
«SÖZCÜ» gazeti, 25.08.2021 ý. Publisistika