Adamlar…
Adamlar…
Gep tapar öz eýesini hemişe,
Kitap okap,
magny saçan adamlar…
Pygamberi satyp otuz kümüşe
Ogrynyñ ýoluny seçen adamlar.
Gäwürleñ amalyn boýnuna dakyp,
Mährapda bihaýa syçan adamlar.
Nebsiniñ oduna imanyn ýakyp,
Ýel kimin ýüwürip geçen adamlar.
Pelek hezil bermez hemmä gyradeñ
Kä ýylpyldap,
käte öçen, adamlar.
Şa bilen gedaýa deñdir Ýaradan
Bilýändir, bakyýa uçan adamlar…
Bäş manatlyk bähbit üçin syrtyny
Ommalyp şeýtana açan adamlar.
Undup Resulallañ goýan şertini
Deçjalyñ toruna gaçan adamlar.
Mahrum edip öz-özüni Köwserden
Iblisiñ siýdigin içen adamlar.
Bihabar däl,
gapyl däl sen bu syrdan
Her işiñ soñuny biçen adamlar.
Howaýy şan-şöhrat üçin el serip,
Namysyn ýuwdanlar kürsi dilenip,
Iñ soñunda biýz kepene çolanyp,
Gara ýeriñ goýnun guçan adamlar,
Ah, adamlar, adamlar…
Has TÜRKMEN. Goşgular