|

Möjek bilen Towşan / basnýa

Möjek bilen Towşan / basnýa MÖJEK BILEN TOWŞAN

Möjek bilen Towşan / basnýa

Iýemzok manty, börek, kebaby,
Çaga-da düşnükli onuñ sebäbi.

Otlap ýören mal görermiñ aýatda,
Möjek ketde bor-da et kombinatda.

Häsiýetnama gerekmikä möjege,
Agzy ýetse gulagyny iýjege.

Düýäni ýuwudýa köşegi bilen,
Ýuwudýa çopany eşegi bilen.

Iýmedik gezegi daýaw öküzi,
Ýokdur semiz öweçleriñ dokuzy.

Köpem bolsa kombinata giren yz,
Emma çykan yzy gören ýok heniz.

Ýeri bolýa, etden üzýäs tamany,
Ýatdan çykdy gitdi onuñ tagamy,
Indi döwür gök iýmäniñ zamany.

Kemyrsgal dogulsañ ol owal-başda,
Towşan direktor bor «Plodowoşda»,

Gözüni ýaşardyp soganam bolsa,
Iýýä tutuş sostaw soganam bolsa.

Ete, göge naýynsaplar geçer-de,
Ne bol zatlañ bereketi gaçar-da.

Ministr ýol bermez galp iýjege,
Towşanyñ kürsüsin berdi Möjege.

Diýdi: «Jezañy çek, açgöz salaty».
Towşana tabşyrdy et kombinaty.

Şondan soñ Towşan-a tüýs ete geçdi,
Öñkiñ çeni hem däl, has öte geçdi.

Çal Möjek şat bolup geçensoñ göge,
Telpegi tozýança zyñdy ol göge…

Möjek, Towşan uzak gije ýatmaýar,
Ikiarada goñşy okara gatnaýar.

Gurbangylyç HYDYROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle