Ilkinji sapak
Ilkinji sapak
▶ ILKINJI SAPAK
Gözi çyzylmadyk pişik çagasy ~
Entek kellesinem saklap bilenok.
Galyp bilenok ol aýak üstüne,
Emmäñ nirdelignem çaklap bilenok.
Emma dek ýatanok garaşyp ýöne,
Ömrüñ gözbaşyny ýadaman yzlap,
Özi üçin gerlip ýatan enäniñ
Garnynyñ bar ýerin çykdy ol ysgap.
Ýöne ak pişigiñ iýmeşik tüýi
Iññe bolup çümdi näzik temege.
Emma, el çekenok çaga pişijik
Islegne ýetmäge ymtylýar ýene.
Göreş gerek bu maksada ýetmäge
Gaçsa-da ysgynyñ,
gaçsa-da güýjüñ.
Onuñ barha basym ösýän duýgusy,
Aldy ine, ýiti ysyny süýdüñ.
Munda bir zat päsgel berýär,
bökdeýär,
Nämüçin ol öz kellesin sokmaýar?
Sebäbi enäniñ emmesin häzir
Başga bir pişijik ykjam sokjaýar.
Pişigiñ emmesi az dälem bolsa,
Bu taýy gyslyşyk,
oña bu ýer dar.
Entirekläp giden çaga pişijik
Aga meñzeş naýynjar ses çykarýar.
Äpet ene pişik ýatyr gerilip,
Bakýar bu ahwala gözüni süzüp.
Ýatyr öz bagryndan önen çaganyñ
Çekýän azabyna mejbury dözüp… Goşgular