Gyzgynlygyñ çägi
Gyzgynlygyñ çägi
▶ GYZGYNLYGYÑ ÇÄGI
36,0°
Ynsan bedeniniñ ýylylygyny
Saklap bormy elmydam bir kadada?
Adaty adamlañ içinde ýaşap,
Ýaşamasañ uzakda bir adada.
Biler. Eger ýañky kişi durmuşda
Gatyrak gülmese ýa aglamasa.
Öz bähbidi bolsa bar aladasy,
Başganyñ derdini hiç añlamasa.
37,0°
Gyzyl serhet ýaly gyzyl çyzykdan
Geçmän ýaşar gyzmalary ol geñläp.
Gohly galmagally gyzgyn dünýäden
Geçer gider atsyz ýyldyza meñzäp.
Öz saglygy hakda kiçi alada
Il hakdaky aladadan uludyr.
Dünýäñ aladasy täsir edenok,
Öz kiçijik bähbidiniñ guludyr.
38,0°
Agyr güne düşen her bir adamyñ
Ejirni jebrini ýüregñe gaplap,
Batan batgasyndan çykarjak bolýañ
Öz aklygyñ bilen kalbyny päkläp.
Köşeşdi ol, unutdy öz derdini,
Sen welin, undañok ony entägem.
Özüñ ýykylsañam, döneñok yza
Bu durmuşsa goldaw berip entäne.
39,0°
Halkyñ özi ýaly alada uly,
Derdi dep etmeli diñe perzentler.
Howp duýmaly däldir asuda asman
Parahat bolmaly şäherler, kentler.
Buýsançly baş mydam bolmaly belent,
Ýürekde saklaýañ Watan suratyn.
Gyzgyn dünýäñ süñnün gyzdyrmaly däl,
Özüñe almalt temperaturasyn.
40,0°
Sowatmaly seri, gyzgyn dünýäni,
Gyzgyn howry bedeniñe siñdirip.
Diller dürli, ähli agy birmeñzeş
Aglamaly aglaýany diñdirip.
Huşumdan gitmänkäm, peşgeş edeýin
Howurly dünýäme gülleñ gyzlyndan,
Başga zatlan gelmez şahyra ajal,
Şahyr öler ýürekdäki gyzgyndan… Goşgular