Täjik ýumorlary
Täjik ýumorlary
 — Görýän welin, bu satyjymyzam düzelip başlapdyr-ow! Gör, ony… Mundan ozal-ha goh etmeýän sapary ýokdy. Bu gün welin burny deşilen ýaly — ümsümje! Indi düzelip ýördügimikä şü? 
 — Wah, düýn artygrak gygyransoñ, sesi gyrlaýypdyr-da…
* * *
 — Meñ kitaplammyñ beýleki ýazyjylaryñka garanda nämesi bilen parhlanýandygyny bilýäñmi? 
 — Bilýän. Kitap dükanlarynda çañ basyp ýatýany bilen parhlanýar.
* * *
 — Siz haçan ylham bilen joşup ýazýarsyñyz? 
 — Pulum gutaranda.
* * *
 — Dostum, tanyş-bilşiñ ýokmaý? Men bir oñatja köwüş almakçy… 
 — Tanşam taparys, saña gowy köwşem alarys. Ýör, öñürti şol aljak köwşüñi bir ýuwaly!
* * *
 Goñşularynyñ bolgusyz gybatyndan bizar bolan Ependi ýerinden turupdyr-da, gidermen bolupdyr. 
 — Oturyñ-da, nämä turuberdiñiz? — diýip, oturanlar Ependä ýüzlenipdir. 
 — Size meñ gybatymam etmäge maý bereýin-dä! — diýip, Ependi olara jogap beripdir.
* * *
 Bir erkek kişi dükana giripdir-de, satyja ýüzlenip, şeýle diýýär: 
 — Siz witrinadaky şol köýnegi aýryp bilmezmisiñiz? 
 — Oñ gürrüñi bolmaz! — diýip, satyjy oña jogap beripdir. — Alyjylara gulak gabartmak biziñ borjumyz. 
 — Şeýtseñizläñ. Öñünden minnetdarlyk bildirýän. Şo köýnegi dagy-duwara şo ýerden asmaweriñ. Ýogsa, aýalym bilen şoñ gapdalyndan geçip gitmek meñ üçin iñ ýokary jeza!
* * *
 Bir adam işden öýüne gelip, aýalynyñ ýanynda zeýrenipdir: 
 — Bu gün gaty agyr gün bold-ow! 
 — Näme, ýyllyk planyñyzy dolup bilmediñizmi? 
 — Ýok-la! Uzakly gün orunbasarym bilen küşt oýnap, ony bir saparam utup bilmedim.
* * *
 Bir gün goñşusy Ependiden şeýle diýip sorapdyr: 
 — Nasretdin aga, eşitdiñizmi, Darazyñ oglu dissertasiýa gorapmyş. Indi alymmyş. Geñ zat, ol ylma näme üýtgeşiklik girizdikä? 
 — Ylma näme üýtgeşiklik girizeninden habarym ýok. Ýöne şoñ aýlygyna-ha üýtgeşiklik girizeni hak! — diýip, Ependi jogap beripdir..
* * *
 Şäheriñ parahor kazysy bir maýmyny idekläp barýan ekeni. Ependi ony saklap, şeýle diýipdir: 
 — Hojaýyn, bü iti nirä alyp barýañ? 
 — Şunça ýaşap it bilen maýmynyñ tapawudyny bileñokmy? Eý, Ependi, bü maýmyn ahyry! — diýip, kazy ör-gökden gelipdir. 
 — Tagsyr, men muny maýmyndan sorap durun! — diýip, Ependi gülmän-yşman aýdypdyr.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1988 ý. Degişmeler
