Fakt gerek, fakt… / ýumoreska
Fakt gerek, fakt… / ýumoreska
Gijäniñ ýarynda bir garanyñ diwardan aşjak bolýanyny gördüm. Demim demime ýetmän milisiýa jañ etdim.
— Alýo, milisiýamy? Öýümize ogry girjek bolýar…
Añyrdan milisioneriñ uky gatyşykly sesi eşidildi:
— Näme, Ezraýyl girip gelýändir öýdýärmiñ. Onsoñam ol heniz öýüñize girmändir. Ilki girsin, onsoñ jañ edersiñ.
Ogry gapynyñ gulpuny döwdi.
— Alýo, ogry gapynyñ gulpuny döwdi, haýyş edýän, kömek…
— Ýuwaşrak gepläberiñ uýam. Bu gykylygyñyza ogry gaçyp gider…
Bir seretsem, ogry içeri girip gelýär. Haýdan-haý telefona ýapyşdym:
— Jan agam, ýetişeweriñ! Ogry içki jaýa — meniñ duran jaýyma girip gelýär.
— Şeýle diýseñiz-le! Asyl içki jaýymyzam bardymy? Entek ýanyñyza barybersin. Häli hiç zat almadyk bolsa, biz ony näme diýip tutaly?
Ogry daşky otagdaky sandyklary dörjeläp başlady.
— Jan milisiýa!..
— Hä!.. Entek hemme zatlaryñyzy alanog-a. Fakt gerek, fakt!
Ogry geregini edinip, çykyp gitdi. Ogry giden badyna milisionerlerem ýetip geldiler-de, göwünlik beren boldular:
— Dogrudan-da, siz köp zadyñyzy ogurladypsyñyz, ýöne onuñ üçin hapa bolup oturmañ. Adam pahyr birini ýitirýär, birini ýyrtýar, birini kirledýär. Şeýdip zatlaryny täzeleýär.
Olar akt ýazdylar-da, bir nusgasyny maña berdiler. Bu faktmyş.
Zülfiýa ŞODIÝEWA.
Özbekçeden terjime eden: D.Ýagşymyradow.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1988 ý. Satiriki hekaýalar